Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

view-icon 1877

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň onlaýn görnüşde geçirilen 52-nji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda pandemiýa döwründe migrasiýa meselelerini kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek, GDA döwletleri üçin Migrasiýa kodeksi bilen bagly meselelere seredildi, “GDA gatnaşyjy döwletlerde çagalaryň saglygyny goramaga bolan hukuklaryny üpjün etmek”, “Raýatlara ruhy taýdan kömek bermek we kömek berlende raýatlaryň hukuklarynyň kepillikleri hakynda”, “Sebitleýin maýa goýum taslamalary hakynda” we beýleki kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň Arkalaşygyň giňişliginde gatnaşyklary, hyzmatdaşlyk we dostlukly aragatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ornuny belläp, netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etdirmek barada pikirlerini aýtdylar.

Taraplar pandemiýa meselesine ünsi jemlemek bilen, bu howply wirus keseline garşy göreşmekde hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, şol sanda lukmançylyk we ylmy diplomatiýa arkaly berkitmekde tagallalary birleşdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 52-nji mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýeti düýn “COVID-19 pandemiýa şertlerinde ählumumy howplar we wehimler. Terrorçylyk we zorlukly ekstremizm” atly halkara maslahata-da gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi