18-nji aprel – Halkara ýadygärlikler we taryhy ýerler günüdir

eye
601
18-nji aprel – Halkara ýadygärlikler we taryhy ýerler günüdir

1983-nji ýylda Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiniň Assambleýasynyň (ICOMOS) başlangyjy bilen Halkara ýadygärlikler we taryhy ýerler güni (Bütindünýä mirasy güni) bellenildi. Ol her ýyl 18-nji aprelde bellenilýär.

Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak – medeni we taryhy taýdan gymmatly binalary saklap galmaga hem-de goramaga gönükdirilen çäreler we işler toplumydyr. Çäreler ýadygärlikleri öwrenmegi, olaryň gymmatlylygyny kesgitlemegi, olara resmi dereje bermegi, abatlamagy we saklamagy öz içine alýar.

Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasynyň binalary halkymyz üçin üýtgeşik gymmatlykdyr we bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, öwrenmek we saklap galmak meseleleri bilen meşgullanýar, onuň üstüne Türkmenistanyň kanunlaryndan gelip çykýan milli taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça ýörüte ygtyýarly döwlet edarasynyň wezipesi ýüklenendir. Ýurdumyzyň hökümeti milli ýadygärlikleri saklap galmaga we köpeltmäge, şeýle hem bu pudagyň hünärmenleriniň öňünde durýan wezipeleeri üstünlikli çözmek üçin hukuk binýadyny döretmäge uly üns berýär.

ÝuNESKO bilen hemmetaraplaýyn we ýakyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň medeni mirasy goramak ulgamyndaky daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Türkmenistan 1994-nji ýylda ÝuNESKO-nyň bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak boýunça Konwensiýasyny tassyklady. Geçen döwürde şu Konwensiýanyň çäklerinde Türkmenistanda milli mirasyň gozgalmaýan taryhy-medeni binalaryny hasaba almak, olary öwrenmek, gorap saklamak we wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirildi.

Türkmen hünärmenleri halkara bilermenleri bilen bilelikde ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin Türkmenistanyň esasy taryhy- medeni ýadygärliklerini deslapdan saýlap aldylar. Türkmen we halkara bilermenleriniň ýakyn hyzmatdaşlygy netijesinde 1999-njy ýylda bu abraýly sanawa «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasy, 2005-nji ýylda Könürgenjiň ýadygärlikleri we 2007-nji ýylda Nusaýyň Parfiýa galalary girizildi.

Häzirki wagtda «Ýüpek ýoly: Zerawşan – Garagum geçelgesi» transmilli tapgyrlaýyn ugrunyň düzüminde Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Merw möhüm bölegi ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge teklip edildi.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirljiginiň garamagyndaky, «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri Londonyň Uniwersitet kollejiniň Arheologiýa institutynyň (Beýik Britaniýa) bilermenleri bieln hyzmatdaşlykda Merw-Amul ugruny öwrenmäge gitdiler we şu kerwen ýolunyň ugrunda saklanyp galan hem-de görkezilen tapgyrlar ugrunyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge mynasyp ýadygärliklere syn etdiler. Şol ýadygärlikleriň arasynda Amul gadymy şäher harabalary, Mansaf harby galasyny, Könegala, at-Täçmalaj, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary, Guşmeýhan gadymy şäher harabalary bar.

Türkmenistanda taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak hem-de öwrenmek babatda halkara hyzmatdaşlygy ÝuNESKO-nyň arheologik gazuw-agtaryş işleriniň ýöregeleriniň halkara düzgünlerini kesgitleýän Maslahatyna laýyklykda amala aşyrylýar. Bu ugurda milli we taryhy-medeni mirasy çuňňur öwrenmek maksady bilen Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň esasy ylym merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Ýurtda halkara toplumlaýyn arheologik ekspedisiýalaryň birnäçesi hereket edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan 2018-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy we medeni ýaygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri Lebap wealaýatynda Amul gadymy şäher harabalarynda we Daýahatyn kerwensaraýynda, Merwde Uly Gyzgalada we Abdylla han galasynyň derwezelerinde hem-de Mary welaýatynda Daňdanakan gadymy şäher harabalarynda, Ahal welaýatynda Abiwerd gadymy şäher harabalary we Paryzdepäniň golaýyndaky orta asyrlarda oturymly ýerde, şeýle hem Şähryslam gadymy şäher harabalarynda, Balkan welaýatynda Dehistanyň orta asyr baş metjidinde hem-de Daşoguz welaýatynda Könürgençdäki «kerwensaraýda» arheologik hem-de binagärlik barlaglary alyp barýarlar. Barlaglaryň netijeleri köplenç ylmy we döwürleýin neşirlerde çap edilýär, birnäçe monografiýa neşir edildi. «Türkmenistanyň binagärligi we sungaty. Ylmy habarlar» atly ýörite neşir çykarmak ýola goýuldy.

Milli müdirýet şeýle hem taryhy-medeni binalary we olar baradaky maglumatlary hasaba alýar. Ýadygärligiň ýörgünli ady hasaba alynýar, onuň tipologik ýagdaýy, senesi, ýerleşýän ýeri kesgitlenilýär, goraglylyk derejesi, ýadygärligiň tutýan meýdany we onuň töweregindäki goragly ýerler bellenilýär, ahyrsoňunda binanyň taryhy-medeni taýdan ähmiýetine umumy baha berlenden soň ol milli taryhy-medeni mirasyň binalarynyň Döwlet sanawyna girizilýär.

Ýurdumyzda döredilen taryhy-medeni goraghanalaryň sekizisiniň hünärmenleri heniz ylma belli bolmadyk täze arheologik we binagärlik ýadygärlikleri ýüze çykarmak maksady bilen ýerlerde barlag işlerini geçirýärler. Soňky ýyllarda ýurduň dürli wealýatlarynda ýüze çykarylan taryhy-medeni mirasy binalarynyň 44-si Türkmenistanyň Döwlet sanawyna goşuldy. Taryhy we medeni ýadygärliklerin 1428-si döwlet sanawyna girizildi. Sanawda her bir binanyň öz indeksi bolup, oňa pasport, hasabat kartoçkasy, gorag borçnamasy ýöredilýär. Täze arheologik we binagärlik ýadygärlikleri ýüze çykarmak işleri dowam etdirilýär. Bu ugurda häzirki wagtda köp ýyllyk barlaglar netijesinde saldamly maglumatlar toplanyldy.

Häzirki wagtda maglumatlaryň bütewi statistiki sanly binýadyny döretmek zerurlygy ýüze çykdy, ol geçirilen barlaglar, seneler, medeni we görnüş degişliligi, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän arheologik, binagärlik, taryhy binalaryň derejesi barada esasy maglumatlary özünde jemlär.

Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň sanly binýadynyň döredilmegi onlarça ýylyň dowamynda toplanan maglumatlary bütewi maglumatnama we seljerme ulgamyna birleşdimäge mümkinçilik berer, ol ýadygärlikleriň ýagdaýyna geljekde gözegçilik etmekde hem, olary öwrenmekde hem uly ähmiýetli bolar.

Ýurdumyzyň Medeniýet minsitrliginiň Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirljiginiň hünärmenleri bu taslamanyň birinji tapgyryny –maglumatlaryň umumy bankyny döretmäge we olary belgilemäge girişdiler. Şu maksatlar üçin kompýuter programmalary toplumynyň ulanylmagy ozal kagyz ýüzündäki binalary hasaba almagy we toparlara bölmegi döwrebap täze derejä çykarýar.

Müdirýetiň we döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň hünärmenleri ýerli dolandyryş edaralary bilen bilelikde millli taryhy-medeni mirasy binalarynyň töweregindäki goragly ýerleri kesgitlemek hem-de olary ýerden peýdalanmak boýunça resminamalara girizmek babatda iş alyp barýarlar.

Müdirýetiň we döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň hünärmenleri şeýle-de gurluşyk, meliorasiýa, hojalyk we beýleki iş ugurlary üçin bölünp berlen ýerleriň ekspertizasy, şol ýerlerde taryhy we medeni ýadygärlikleriň barlygy ýa-da ýoklugy barada netijeleri düzmek boýunça işleri hem ýerine ýetirýärler. Şu resminama netijesinde milli taryhy-medeni mirasyň binalarynyň ençemesiniň goragy üpjün edildi.

Ýurdumyzyň binagärlik ýadygärlikleri syýahatçylaryň arasynda aýratyn meşhurdyr. Binagärlik ýadygärlikleriniň özboluşlylygy orta asyr türkmen mimarlarynyň taýsyz ussatlygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň her bir sebitinde binagärlik-inženerçilik ussatlygynyň, diwarlaryň içki we daşky çeperçilik bezegleriniň, çylşyrymly gümmezleri gurmagyň ýokary derejesiniň subutnamalary saklanyp galypdyr. Ýerli gurluşykçylaryň orta asyr mekdebi diňe bir sebitde däl, eýsem onuň daşynda-da şöhrat gazanypdyr.

Bu bibaha mirasy abatlamak we saklamak häzirki binagär-abatlaýjylaryň wajyp wezipesidir. Bu meselä ylmy esasda çemeleşmeli. Kerpiçleriň düzümini, bezegleriň aýratynlyklaryny, gümmez, tagça, arka, sütün we ş.m. gurmak ýörelgelerini bilmeli.

Dikeldiş-saklaýyş işleriniň ählisi binanyň barlagyndan, işleriň möçberini kesgitlemekden we gurluşyk usulyny öwrenmekden başlanýar. Ýadygärlikleriň ýörite fotosuratlary muňa ýardam edýär. Aýratynam asyrlarboýy açyk asmanyň astynda ýyllarboýy ygal, şemal, Gün şöhleleri we ş.m. tebigy ýagdaýlaraya sezewar bolýan binagärlik ýadygärlikleri surata alynmalydyr. Şu çäreler halkymyzyň gadymy we özboluşly taryhy-medeni mirasyny geljekki nesiller üçin saklap galmaga kömek eder.

 Jamal ORAZMYRADOWA, 
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirljigi