Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar

view-icon 2755

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Siziň kakaňyzyň aradan çykmagy zerarly meniň çuňňur gynanjymy kabul ediň. Size we Siziň maşgala agzalaryňyza tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerimi hem-de öwezini dolup bolmajak ýitgi zerarly goldawlarymy beýan edýärin.

Biziň üçin amatly wagtda Siz bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirip, hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ilerletmek üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri boýunça pikir alyşmaga taýýardyryn.

Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň hormatly kakaňyz — Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdim.

Siziň agyr ýitgiňiz zerarly biziň tüýs ýürekden gynanjymyzy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şu agyr günlerde Size, Siziň ýakynlaryňyza we hossarlaryňyza kalby giňlik hem-de sabyrlylyk dileýärin.

Çuňňur gynanç bilen,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

 * * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Siziň kakaňyzyň — Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Parasatly hem-de öz ýurduna wepaly ynsan hökmünde Siziň kakaňyz baradaky ýagty hakydanyň onuň ýakynlarynyň we ildeşleriniň ýüreklerinde baky galjakdygyna ynanýaryn.

Öwezini dolup bolmajak ýitginiň yzasyny paýlaşmak bilen, şu agyr pursatlarda Size we Siziň ýakynlaryňyza sabyr-takat, durnuklylyk hem-de ruhubelentlik dileg edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Armen Sarkisýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * * 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň kakaňyz — Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary gynanç bilen kabul etdik.

Siziň Alyhezretiňize we maşgala agzalaryňyza Palestina Döwletiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan çuňňur gynanç bildirýärin.

Beýik Biribardan merhuma rehmet edip, onuň jaýyny jennetden eçilmegini, Size we Siziň ýakynlaryňyza sabyr-kanagat bermegini dileýäris.

Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

 * * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň kakaňyz — Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aradan çykandygy zerarly, Siziň Alyhezretiňize çuňňur gynanjymyzy we tüýs ýürekden goldawymyzy beýan edýäris.

Beýik Allatagaladan merhumy öz rehmeti bilen gurşap, jennetiň iň beýik derejesinden orun bermegi barada doga edýäris.

Beýik Biribardan bu agyr günlerde Siziň Alyhezretiňize we maşgala agzalaryňyza güýç-kuwwat hem-de sabyr-takat dileg edýäris.

Goý, Beýik Allatagala Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, uzak ömür we bagtyýarlyk eçilsin hem-de maşgala agzalaryňyzy öz penasynda aman saklasyn!

Hamad bin Isa Al Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.

 

 * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatlary gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Bahreýn Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy we Premýer-ministri Salman bin Hamad bin Isa Al Halifa, Gruziýa Respublikasynyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halid ben Faýsal Al-Sehli, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi doktor Widhu P.Nair, Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şarifzoda, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mamuka Murjikneli, Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Peter Santo, Apostol Nunsiaturasynyň medeniýet işleri boýunça attaşesi Anjeý Madeý, Owganystan Yslam Respublikasynyň baş konsuly (Mary şäheri) Arsala Nasratulla çuňňur gynançlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň professor-lukmanlary — doktor Klaus Parhofer, doktor Klaus Çaýkowskiý, doktor Ulrih Şaller, doktor Lizl Hoýzermann-Mangold tüýs ýürekden gynançlaryny we duýgudaşlyk sözlerini ýolladylar.

Döwlet Baştutanymyza Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory A.Beglow, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň spikeri Tadomori Osima, Saud Arabystany Patyşalygynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň ýolbaşçysy Ýahýa Mahmud bin Jüneýd, “BOUYGUES” fransuz kompaniýasynyň prezidenti Marten Buig, “Itochu Corp.” kompaniýasynyň dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory, maşynlar we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý, “Sojitz” korporasiýasynyň prezidenti we baş direktory Masaýoşi Fudjimoto, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd” kompaniýasynyň prezidenti Tatsuýa Watanabe, Energetika Hartiýasynyň baş sekretary Urban Rusnak, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy M.Rifat Hisarjyklyoglu, Türkiýe Respublikasynyň öňki Prezidenti Abdulla Gül, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Dýusen Kaseinow, “Burç Group” kompaniýasynyň prezidenti Sefa Gömdeniz, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň prezidenti Erman Ylyjak, “Onux” kompaniýasynyň prezidenti Koen Minne, “Cifal” kompaniýalar toparynyň prezidenti we baş direktory Žil Remi, Russiýa Federasiýasynyň “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidenti I.Makarow, Russiýa Federasiýasynyň “LUKOÝL” nebit kompaniýasynyň prezidenti W.Alekperow, “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy Piter Kallos, “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory A.Kogogin, “KAMAZ FTC Corp. LLP” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy S.Tkaçenko, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko çuňňur gynanç sözlerini beýan etdiler.

Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň ady biziň ýüreklerimizde hemişelik saklanar diýlip, gynanç hatlarynda bellenilýär.