Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar

view-icon 2510

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.

Ýakyn ynsanyň aradan çykmagy ýüreklerde uly hasrat döredýär we öwezini dolup bolmajak ýitgi bolup durýar.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu agyr günlerde Size we Siziň ýakynlaryňyza tüýs ýürekden duýgudaşlygymy beýan edýärin.

Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary gussa we gynanç duýgusy bilen kabul etdim.

Ukrainanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň maşgalaňyza we Türkmenistanyň dostlukly halkyna bu öwezini dolup bolmajak ýitgi zerarly, çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Mälikguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň taryhynda möhüm yz galdyran hormatly mugallym hem-de syýasy işgärdir. Ol manyly ömrüni ýaş nesli terbiýelemäge bagyşlady hem-de Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň berkemegine uly goşant goşdy.

Goý, Mälikguly Berdimuhamedowyň ýatan ýeri ýagty bolsun!

Hormatlamak bilen,

Wladimir Zelenskiý,

Ukrainanyň Prezidenti.