Ï Onlaýn-duşuşykda gämi gurluşygy ulgamynda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Onlaýn-duşuşykda gämi gurluşygy ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1796

Wideomaslahat aragatnaşygy arkaly «Türkmendenizderýaýollary» Agentliginiň we «Ак барс» Gämigurluşyk korporaisýasy PJ-nyň (Russiýa Federasiýasy) ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy.

Duşuşykda taraplar özara gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen ugurdaş hünärmenleriniň hünärini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem «Balkan» gämigurluşyk we gami abatlaýyş zawody» APJ-nyň binýadynda gämileriň dürli görnüşlerini gurmak hem-de abatlamak boýunça taslamalara aýratyn üns berildi.

2020-nji ýylyň noýabrynda Zelenodolskiniň A.M.Gorkiý adyndaky zawodynda gurlan А145Е kysymly ýokary tizlikli ýolagçy teplohodynyň Türkmenbaşy portuna ugradylandygyny ýatladýarys. Ol türkmen tarapynyň tabşyrygy bilen Zelenodolskide gurlan ýokary tizlikli ikinji gämi boldy.