Türkmenistan BMG-nyň ÝYK-nyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

eye
486
Türkmenistan BMG-nyň ÝYK-nyň  wise-başlyklygyna saýlanyldy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri wideoaragatnaşygy arkaly Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysdady komissiýasynyň garyşyk görnüşde geçirilen 69-njy mejlisine gatnaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde Ýewropa ykdysady komissiýasynyň jogapkär wezipeli taraplary saýlanyldy. BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýakyn iki ýyla (2021-2023ýý) Başlyklygy Belarusdan Awstriýa geçdi. Türkmenistan we Şweýsariýa BMG-nyň ÝYK-nyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy.

Ilçi, Türkmensitanyň BMG-nyň Ženewadaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy) Bölüminiň ýanyndaky wekili Atageldi Haljanow öz çykyşynda türkmen wekilýetiniň adyndan Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgesine ygrarly biziň ýurdumyzyň öz wise-başlyklygynyň çäklerinde BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň işine işjeň gatnaşjakdygyny belledi.