Ï DÖM-nyň ýaş ilçileri talyplara we mekdep okuwçylaryna daşky gurşawy goramagyň möhümligi barada gürrüň berdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

DÖM-nyň ýaş ilçileri talyplara we mekdep okuwçylaryna daşky gurşawy goramagyň möhümligi barada gürrüň berdiler

view-icon 2109
DÖM-nyň ýaş ilçileri talyplara we mekdep okuwçylaryna daşky gurşawy goramagyň möhümligi barada gürrüň berdiler

22-nji aprelde Ene Ýeriň Halkara güni bellenilýär. Şu sene mynasybetli BMG-nyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky Ýurt edarasy Bilim ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin iki günlük onlaýn-seminar gurady.

Durnukly ösüş maksatnamasynyň ýaş ilçileri talyplary we okuwçylary Ene Ýeriň Halkara gününiň döreýşi bilen tanyşdyrdylar, olara daşky gurşawy goramagyň, ekologik deňagramlylygy saklap galmagyň möhümligi barada gürrüň berdiler.

«Biz Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Hökümetine daşky gurşawy goramak işine ygrarlydygy üçin minnetdarlyk bildirýris. Biz her bir çaga üçin durnukly ösüşi gurmaga kömek bermek babatda hyzmatdaşlygymyzy giňelderis» - diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekili Kristin Weýgand öz çykyşynda aýtdy.

Ol şeýle hem ÝUNISEF-iň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw we energetika meseleleri boýunça mugallymar üçin okuw maksatnamasyny hem-de gollanmalary işläp taýaýrlamak ugrunda işi dowam etdirjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de daşky gurşawy goramakda we durnukly ösüşi üpjün etmekde hökümetiň tagallalaryny goldamak üçin «Ýaşyl mekdep» başlagyjyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Aýjahan ATABALLYÝEWA