Ï MKT ulgamynda zenanlaryň mümkinçiligi –BMG-nyň ÖM-nyň howandarlygnda geçirilen sebit webinarynyň temasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

MKT ulgamynda zenanlaryň mümkinçiligi – BMG-nyň ÖM-nyň howandarlygnda geçirilen sebit webinarynyň temasy boldy

view-icon 1037

22-nji aprelde bellenilýän Maglumatlar we kommunikasiýalar tehnologiýalary ulgamynda Halkara gyzlar güni  BMG-nyň Ösüş maksatnamasy MKT ulgamynda zenan liderligi hem-de wezipe basgançaklary boýunça ýokary galmak temasyndan webinar gurady.

Onlaýn-söhbetdeşlik ýokary tehnologiýalar ulgamynda gyzlara we zenanlara hünär mümkinçiligini durmuşa geçirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Oňa gatnaşanlaryň arasynda – öňdebaryjy bilermenler, ylmy barlagçylar we telekeçiler bar. Ýurdumyza Türkmenistanda WomenTechmakers-iň ilçisi we Google Developer Group-yň inisiatory Maral Hudaýbergenowa ýolbaşçylyk etdi.

Sebitiň ýurtlaryna wekilçilik eden zenanlar üstünlige çenli geçen ýollary barada gürrüň berdiler, IT ulgamyna zenanlaryň goşandynyň artjakdygy barada pikirini aýtdylar, şeýle hem hünär taýdan üstünlik gazanmak barada sowallara jogap berdiler.

                 Aýjahan ATABALLYÝEWA