Ï Ykbalyny bedewlere baglan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykbalyny bedewlere baglan

view-icon 2692

Ýurdumyzda şöhratly arassa ganly ahalteke bedewlerini saklap galmaga we olary dünýä ýaýmaga uly goşant goşan  türkmen atşynaslary mübäreklenýän şu  günler 91 ýaşy arka atan tanymal seýis Gulbatyr Amangulyýew barada gürrüň bermekçi.

Gulbatyr aga 1930-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda dogulýar. Onuň kakasy Amanguly ahal-tek bedewlerini ýetişdiripdir. 1941-nji ýylda ol fronta çagylýar, 1943-nji ýylda bolsa maşgalabaşynyň wepat bolandygy barada ajy habar gelýär.

Maşgalanyň keşigi ýetginjek Gulbatyryň ejiz gerdenine düşýär. Mekdepde okuwyndan soň ol kolhoz malyny bakýar. 50-nji ýyllaryň başynda ol ata kesbini dowam edip, özüni asylly käre – ahalteke bedewleini ýetişdirmäge bagş etmegi ýüregine düwýär. Ol 2005-nji ýyla çenli bir egen bu kärde elli ýyldan gowrak zähmet çekýär.

 Onuň seýislän arassa ganly atlary dürli ýyllarda çapyşyklarda ýeňiş gazandy we baýraklary aldy.

Goja zehinli şägirtleriň ençemesini ýetişdirdi, ol indi köki asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan milli atşynaslyk sungatynyň pajaplap ösýändigine guwanýar.

Şeýle bolsa-da, Gulbatyr Amangulyýew aýaly Keýik daýza bilen on çagany – bäş ogul, bäş gyzy ösdürip ýetişdirendigini baş üstünligi hasaplaýar.

Bizem Gulbatyr agany Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlaýarys, oňa seýislik sungatyna goşan şahsy goşandy üçin minnetdalryk bildirýäris we berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris!

                                                                      Azady MYRADOW