Ï Daşoguzly maşgalalaryň ýüze golaýy täze jaýa göçüp bardylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzly maşgalalaryň ýüze golaýy täze jaýa göçüp bardylar

view-icon 1575

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýokary amatlykly köp öýli jaýlaryň dördüsi ulanmaga berildi.

32 öýli dört gat jaýlaryň ikisini we 16 öýli jaýlaryňam ikisini «Göllibaý» Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri Daşoguz köçesinde bina etdiler. Bular köne jaýlaryň ornunda gurulýan ýaşaýyş jaý toplumynyň bir bölegi boldy.

Jaýlar gurlanda gurluşyk we bezeg materiallarynyň hiline hem-de ekologiýa taýdan howpsuzlygyna, ýaşamaga amatly şertleriň döredilmegine, töwereginiň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan üç we dört otagly öýlerde  zerur şertleriň ählisi döredilen. Olaryň hersinde hojalyk hajatlary üçin aýratyn otag göz öňünde tutulan. 4 otagly öýüň meýdany 200, üç otaglysynyň 170 inedördül metrden gowrak bolup, olaryň belentligi üç metrdenem aşýar.

Şäherde täze jaýlar geljekki ýaşaýjylaryň paýy esasynda gurulýar. Döwlet tarapyndan ýerli telekeçiligiň goldanylmagy, gurluşyk bazaryna Daşoguzyň dürli ýerlerinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesini guran  hususy düzümleriň giňden çekilmegi ýaşaýyş jaý gaznasyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berdi. 

Täze jaýlaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara  welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, aksakallar hem-de ýaşlar gatnaşdyalr. Has tapawutlanan gurluşyklçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

 Batyr ÖRÄÝEW