Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 23-nji aprelde «С5+1» görnüşde onlaýn-gepleşikler geçirdiler. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmegiň barşy, pandemiýa garşy göreş, howanyň üýtgemegi we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow öz çykyşynda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berdi. Ol Aşgabadyň ekologiýa ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen özara gantaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen başlangyjyny beýan etdi. Hususan-da, Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi we ylmy-ekologik klasterleri kemala getirmek mümkinçiligine garamagy teklip edýär. Türkmen tarapynyň pikirine görä, bu ugurda ilkinji ädim hökmünde amerikaly bilermenleriň gatnaşmagynda öwrediji okuwlar tapgyry guralsa maksadalaýyk bolardy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Aral meselesine jikme-jik garap, Aşgabadyň teklip eden Aral sebitiniň ýurtlary üçin BMG-nyň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça işi işjeňleşdirmegiň zerurlygyny nygtady.
Şeýle hem suw tematikasy-da gozgaldy. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary suw meseleleri sebitiň ýurtlarynyň ählisiniň bähbitleri göz öňünde tutulyp we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda ählumumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalarynyň esasynda çözülmelidir diýip hasaplaýar.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar «С5+1» görnüşde gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň möhümligini bellediler.
«ZW»-nyň habarçysy