Resmi habar

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 819-njy Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň yzarlaýjy itleriniň gözükdirijisi — bölekçe serkerdesi, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Rejepmyrat Myradowy gulluk borçlaryny gyşarnyksyz we birkemsiz berjaý edendigini hem-de türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, ony ilkinji nobatda dabaraly ýagdaýda harby gullukdan boşatmak tabşyryldy.