Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

view-icon 1850

R.Myradowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak hakynda 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini goramakda, gulluk borçlaryny gyşarnyksyz hem-de birkemsiz berjaý etmekde, şeýle hem türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň yzarlaýjy itleriniň gözükdirijisi — bölekçe serkerdesi, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Rejepmyrat Myradowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji apreli.