Ï TMK-nyň Uly zalynda Antonin Dworžagyň eserleri ýaňlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TMK-nyň Uly zalynda Antonin Dworžagyň eserleri ýaňlanar

view-icon 2652

Şu ýyl görnükli çeh kompozitory, romantizmiň wekili A.Dworžagyň 180 ýyllygy bellenýär (1841-1904). Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kamera topary kafedrasy öňki däbini dowam edip, saz äleminde öçmejek yz goýan kompozitoryň hormatyna 28-nji aprelde okuw jaýynyň Uly zalynda aýdym-saz agşamyny geçirýär.

Dworžagyň baý mirasyndan 11 opera, 9 simfoniýa, simfoniki poemalar, hor-köpçülik aýdymlary, romanslar bize tanyşdyr. Oňa bagyşlanan agşamda Begenç Moşyýew kompozitoryň «Sygan aýdymlaryndan» dört romansy aýdar.

Çeh kompozitorynyň meşhur eserleriniň biri ─ dört bölekden ybarat Sonatinany Halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Aýbölek Muhyýewa (skripka), halkara bäsleşiginiň sylagyny alan Stella Faramazowa (fortepiano) ikisi ýerine ýetirer.

Tomaşaçylar türkmen sazandalarynyň zehinli dörtlügi: Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow (fortepiano), Bahram Dolyýew (skripka), Tahyr Ataýew (alt-skripka), Kakageldi Hojalekow (wiolonçel) dagylaryň çykyşynda Dworžagyň seýrek eşidilýän 2-nji Kwartetini diňlärler.

  • Dworžagyň «Ave Maria» atly eseri Maýa Gullaýewanyň labyzly messo-soprano sesinde ýaňlanar. Agşamda saz muşdaklary meşhur kompozitoryň we dirižýoryň döredijiliginiň ösüş menzillerini görkezýän beýleki eserlerini-de diňlärler.
  • Aýdym-saz agşamy sagat - 18.30-da başlanar.

Таmara GLAZUNOWA