Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 3477

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda goňşy döwletiň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aradan çykmagy zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de owgan halkynyň adyndan medet beriji we ýürekden duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganä gynanjy hem-de duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.

Bellenilişi ýaly, goňşy döwletler ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, energetika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ulgamlarda däp bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. Bu giň gerimli düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy diňe bir iki ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam etmelidir.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de uzak möhletleýin esasda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmen-owgan gatnaşyklarynda ynsanperwer ugra hem aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň doganlyk owgan halkynyň agzybir, parahat we abadan durmuşda ýaşamagynyň tarapdarydygy aýratyn nygtaldy. Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna ýakyndan goldaw bermek bilen, bu däbi mundan beýläk hem dowam etmegi göz öňünde tutýar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de ähli ugurlar boýunça pugtalandyryljakdygyna hem-de ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi