Rossiýanyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkodan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň wezipesine saýlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy. Bu hakda РИА Федеральное агентство новостей neşiriniň saýtynda habar berilýär.
Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen gutlagynda milli Lideriň raýat jebisleşigini saklamak ugrunda alyp barýan işlerini türkmen halkynyň doly goldaýandygyny belleýär. Onuň sözlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň indi köp ýyllardan bäri döwlet Baştutanynyň wezipesinde ýurduň raýatlarynyň abadançylygynyň hatyrasyna ýadawsyz zähmet çekýändigi we ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna uly goşant goşýandygy nygtalýar.
Şeýle-de Rossiýanyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy G. Mämmedowa hem gutlag hatyny iberdi, onda häzirki döwürde ýurtda syýasy durnuklylygy ösdürmegiň wajypdygy aýdylýar. Onuň sözlerine görä Türkmenistanda häkimiýetiň häzirki wekilleriniň tagallasy bilen döwletiň umumy kuwwaty we onuň halkara hyzmatdaşlygyndaky at-abraýy barha artýar .