Golaýda ýurdumyzda ilkinji gezek Tükmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde bellenildi. Ahal-teke bedewlerine we alabaýlara bagyşlanyp dürli çäreler geçirildi.
Bu tema daşary ýurtlaryň KHBS-de seslendielr. Hususan-da, ВЕСТИ.RU portaly «Россия 24» teleýaýlymynyň baýramçylyk çäreleri barada wideoreportažlaryny ýerleşdirdi.
Wideoýordumda: «Türkmenistanda 25-nji aprel–Ahal-teke bedewleriniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy. Ahal-teke atlary – dünýä atşynaslyk medeniýetiniň naýbaşy bedewleridir. Alabaýlar – gaýduwsyzlygy bilen tapawutlanýan gadymy tohum itleridir. Olaryň ikisi hem türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun tutýan milli baýlykdyr. Ýurduň günortasynda geçirilen uzak aralyga atly ýörüşe bedewleriň 19-sy gatnaşdy» -diýilýär.
Moskwada gije-gündiziň dowamynda işleýän «Россия 24» umumyrussiýa döwlet habarlar ýaýlymy Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň düzümine girýär. Şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen ФГУП ВГТРК-nyň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.
Janmämmet GULAMOW