Ï Ýewraziýa ykdysady komissiýasy (ÝYK) Ýewraziýa ykdysady bileleşigiň (ÝAYB) ýurtlaryna umumy gaz bazary barada ylalaşygyň taslamasyny iberdi diýip TASS habar berýär.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝAYB-nde umumy gaz bazary barada ylalaşygyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy

view-icon 1664

Ýewraziýa ykdysady komissiýasy (ÝYK) Ýewraziýa ykdysady bileleşigiň (ÝAYB) ýurtlaryna umumy gaz bazary barada ylalaşygyň taslamasyny iberdi diýip TASS habar berýär.

Resminama bileleşige agza ýurtlara – Ermenistana, Belarusa, Gazagystana, Gyrgyzystana we Russiýa ugradyldy. Olara ylalaşygyň taslamasyny döwletiň içinde ylalaşmagy çaltlandyrmak teklip edildi, çünki bu meselä Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň mejlisinde garalar. Ylalaşygy indiki ýyl tassyklamak, umumy gaz bazaryny bolsa 2025-nji ýyldan başlap işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agzasy däldir, ýöne şonda-da bileleşigiň döwletleri bilen, şol sanda gaz söwdasy ulgamynda-da ýakyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hususan-da, gaz ulgamynda türkmen tebigy gazyny satyn alýan Russiýa Aşgabadyň möhüm hyzmatdaşydyr. «Газпром»-yň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyjakdygy barada ozal Russiýanyň KHBS habar beripdiler. Bilermenleriň pikirine görä, ÝAYB umumy gaz bazarynyň döredilmegi Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda Ýewraziýa ykdysady bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam eder.

Umumy gaz bazary gaz söwdasynyň düzgünlerini bir ülňä salmagy, baha we nyrh syýasatyny kemala getirmäge bütewi çemeleşmeleri durmuşa geçirmegi, bileleşige agza döwletleriň gaz ulgamyny düzgünleşdirýän kanunlaryny sazlaşdyrmagy, gaz geçiriji ulgamlaryň elýetrliliginiň bütewi düzgünlerini we ş.m. kadalary göz öňünde tutýar.

Bilermenler ÝAYB ýurtlarynyň umumy gaz bazarynyň bolmazlygynyň goşulyşma bileleşigniň çözülmedik ýeke-täk meselesidigini belleýärler.

«ZW»-nyň habarçysy