Ï Bütin dünýäde her ýyl 29-njy aprelde Halkara tans güni bellenilýär. Öz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan küşdepdi tansy gadymy däpleriň häzirkizaman sungaty bilen sazlaşygyny görkezýär.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köpröwüş küştdepdi: gadymdan gelýän müdimi ýaş türkmen tansy

view-icon 65573

Bütin dünýäde her ýyl 29-njy aprelde Halkara tans güni bellenilýär. Öz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan küşdepdi tansy gadymy däpleriň häzirkizaman sungaty bilen sazlaşygyny görkezýär.

1871-nji ýylda rus ekspedisiýasynyň hatarynda biziň ýurdumyza gelen syýahatçy S.A. Gunaropulo özüniň «Türkmen ilinde» atly kitapçasynda türkmen halkynyň özboluşly milli tansy - küştdepdi hakda ýazýar.

Sungaty öwreniji alymlaryň pikirine görä, tansyň ýerine ýetirilişi – halka gurap aýlanýan oglan-gyzlaryň bilelikde birmeňzeş ýagdaýda aýaklaryňy ýere urmagyndan ybaratdyr. Küşt depýänleriň, ýagny, tansçylaryň çeýe, sazlaşykly hereketleri köphudaýlylyk zamanasynyň awçylarynyň dabaraly däplerini ýatladýar. Onuň asyrlaryň dowamynda özboluşly horeografiýa stilinde kämilleşmegi, tansçylaryň bokurdaklarynda seslerini sandyradyp: «Haý, Alleý aldy, jan Alleý aldy», «küşt, küşt, küştdepdi» sözleri yzygiderli gaýtalamagy ýaşaýşyň baky aýlanýan çarhy, durmuşyň düýp manysy hakdaky pelsepäniň beýanydyr.

Küştdepdi tansy aýratyn hem Hazar deňziniň kenarýakasynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda giňden ýaýrandyr. Wagtyň geçmegi bilen ol günbatar künjekden daşyna çykyp, Türkmenistanyň ähli beýleki sebitlerine-de ýaýrady we ýerli ilatyň edim-gylymlarynyň aýratynlyklaryna mahsuslykda özbolyşly häsiýete eýe boldy.

Türkmen halkynyň taryhy-medeni däplerini we ruhy gymmatlyklaryny utgaşdyrýan halkymyzyň milli tansy we gazal aýtmak sungaty bolan ─ «Küştdepdi» ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Sanawyna girizildi

Şu ýerde wideo-görnüşe seretmek mümkindir

Мähri ÝAGMYROWA
Surata düşüren: Аlekseý GIMALITDINOW