Ï Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmensitanyň paýtagtynda şu ýyl Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmek pikirini goldaýar. Bu barada Gazagystanyň lideriniň metbugat gullugyna salgylanyp, РИА Новости habar b
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygyny geçirmek barada pikiri goldaýar

view-icon 1488

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmensitanyň paýtagtynda şu ýyl Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmek pikirini goldaýar. Bu barada Gazagystanyň lideriniň metbugat gullugyna salgylanyp, РИА Новости habar berýär.

Metbugat gullugynyň habaryna görä, Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda, Tokaýew «bu mesele boýunça ylalaşyk gazanylsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlarynyň nobatdaky geňeşme duşuşygyny Türkmensitanyň paýtagtynda geçirmegi goldaýýandygyny aýtdy».

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Baştutanyna Türki dilli döwletleriň geňeşiniň çäklerinde Gazagystanyň başlangyçlaryna goldawy, şeýle hem ýurduň Aziýada Özara gatnaşyklar we ynanyşma çäreleri boýunça mejlise (ÖGYÇM) synçy hökmünde goşulandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde, Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we möhüm ylalaşyklara gol çekmek üçin Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana çagyrdy.

Ozal Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň üçünji geňeşme duşuşygynyň COVID-19 koronawirus pandemiýasy zerarly 2021-nji ýyla geçirilendigini we onuň Türkmenistanda geçiriläýmeginiň mümkinligi barada pikir aýdypdy. Sammiti ilkibaşda 2020-nji ýylyň awgustynda Bişkekde geçirmek göz öňünde tutulýardy, soňra ol güýze geçirildi, ýöne pandemiýa zerarly ol 2021-nji ýyla goýuldy.

«ZW»-nyň habarçysy