Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Daşoguzawtomobilýollary» müdirliginiň hünärmenleri Alp Arslan köçesiniň çatrygyndan başlap, Daşoguz köçesiniň ýol örtügini täzeleýärler. Amala aşrylan işler netijesinde ulag gatnawly ýoluň ini on bäş metre çenli giňeldildi, ýoluň gyrasynda aýmançalar bolar, ýanýodalar göz öňünde tutulan.
Ýoluň bir kilometre golaý bölegi giňeldiler we oňa asfalt düşeler. Bu ýol şäheriň merkezi böleginde gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumyna eltýär.
Türkmenistanda şäher içi awtomobil ýollary ulgamy kämilleşdirilýär. Döwlet tarapyndan ýurduň şäherlerini we obalaryny doly derejeli durmuş hem-de ýol-ulag düzümleri bilen üpjün etmäge uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär.
Daşoguzda bina edilýän täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ählisine awtoýollar barýär, olar asfalt düşelen ýollar we ýanýodalar, awtoduralgalr bilen üpjün edilen.
Batyr ÖRÄÝEW