Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa 75 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

view-icon 1282

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa 75 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Onuň Alyjenaby Karl XVI Gustawa berk jan saglygyny, uzak ömür, bagtyýarlyk, şeýle hem Şwesiýa Patyşalygynyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we maksatlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi