Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 29-30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, bu mesele 26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda gozgaldy. Şonda milli Liderimiz RF-niň Prezidentine foruma çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, oňa ýokary wezipeli türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny tassyklady.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugry üstünlikli amala aşyrmak bilen, Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde ösdürýär. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, sebitde we dünýäde giň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerlemegine mynasyp goşandyny goşýar.
Ýewraziýanyň hökümetara geňeşi — Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň (ÝYG) ýolbaşçy edaralarynyň biri bolup, sebitde ykdysady goşulyşmagyň halkara guramasy bolup durýar. Ol halkara hukuk subýektiwligine eýe bolup, 2015-nji ýylda güýje giren degişli Şertnama bilen esaslandyryldy.
ÝYG-nyň düzümine Russiýa Federasiýasy, Ermenistan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy girýär. Moldowa Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Kuba Respublikasy synçylaryň derejesine eýedir. Şeýle hem ÝYG-nyň agza döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň arasynda erkin söwda zolagy döredilýär.
Ýewraziýanyň hökümetara geňeşi Hökümet baştutanlarynyň derejesinde hereket edýär. Onuň mejlislerinde geljegi nazarlaýan ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy wezipelerine we ugurlaryna seredilýär.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzy hem-de ÝYG-nyň düzümine girýän döwletleri däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň birleşdirýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlary bolan Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň agza ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk uly mümkinçiliklere eýedir hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny gurşap alýar. Döwletara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýady täze, ikitaraplaýyn resminamalar bilen berkidilýär we üsti ýetirilýär, bilelikdäki Hökümetara toparlar, beýleki degişli düzümler netijeli işleýär.
Biziň ýurdumyz ÝYG-niň agza döwletleri bilen halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, foruma gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gutlag sözlerini hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem kabul edýän tarapa çakylyk we mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Biziň ýurdumyz ÝHG-nyň mejlisine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşýar, bu bolsa uzak möhletli, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, onuň geljegine we mümkinçiliklerine düşünmäge bolan özara gyzyklanmany beýan edýän wakadyr.
Bu Ýewraziýa giňişliginde GDA, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady geňeşi ýaly döwletara guramalar bilen ýakyn gatnaşyklar babatda Türkmenistanyň alyp barýan ugruna hem kybap gelýär. Biziň ýurdumyzyň ykdysady hyzmatdaşlara teklip etmäge ugurlary az däl. Türkmenistanda ulag-logistika düzümi sazlaşykly ösýär, döwrebap awtomobil ýollary, köprüleri guruldy, Hazar deňziniň boýunda geçirijilik ukyby bir ýylda ýük dolanyşygynyň 25 million tonnasyna deň bolan täze Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bina edildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, demir ýollary, optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de günorta ugurda, goňşy döwletlere elektrik geçiriji ulgamlary işe girizildi. Ýangyç we çalgy ýaglaryny öndürýän iri kärhanalar guruldy.
Şeýle hem pandemiýa garamazdan, geçen ýyl Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 5,9 göterime deň boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetiň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Soňky ýyllarda döredilen döwrebap kanunçylyk binýady daşary ýurtly işewürleriň özlerini türkmen topragynda ynamly we oňaýly duýmagyna mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň energetika we ulaglar babatda başlangyçlaryny BMG-niň çäklerinde dünýä bileleşiginiň, beýleki iri halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň giňden goldamagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine, şol sanda halkara derejede ilerlemegine durnukly häsiýeti çaýýar. Bu bolsa degişli ugurlarda uzak möhletli, yzygiderli, köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin şert döredýär.
Şeýle hem Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agza döwletleri bilen biziň ýurdumyzy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanan taryhy gatnaşyklaryň, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň birleşdirýändigi aýratyn bellenildi. Bularyň hemmesi düşnükli we açyk ýörelgelerde özara ýakynlaşmagyň, netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we görnüşlerini işläp taýýarlamaga çemeleşmegiň goşmaça şerti bolup hyzmat edýär. Muňa biziň ýurtlarymyzda kuwwatly serişdeler we önümçilik binýadynyň bolmagy, geografik taýdan amatly ýerleşmegi, logistika düzüminiň sazlaşykly ösmegi, hyzmatdaşlykda toplanan tejribe hem-de onuň däpleri, özara düşünişmek, ynanyşmak ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň agza döwletleriniň arasynda doly bahaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň taraplara diňe özara ykdysady we söwda babatda bähbit getirmek, ösüşe täze, kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, Ýewraziýa giňişliginde ykdysady işleriň sazlaşykly we ýokary hilli bolmagyna ýardam edip, biziň döwletlerimiziň häzirki zaman ölçeglerinde kontinental we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy üçin goşmaça şertleri döretjekdigine ynam bildirildi.
Türkmenistan daşary ykdysady strategiýasynda “Açyk gapylar” ýörelgesine, deňhukukly we netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyna daýanýar. Şunuň bilen baglylykda, onuň şu günki duşuşyga gatnaşmaga çagyrylmagy bu işde möhüm başlangyç bolmagyna gönükdirilendir. Biziň ýurdumyz hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bilelikdäki netijeli işlere taýýardygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.
Kazana saparyň maksatnamasynyň çäklerinde 30-njy aprelde ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygy boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Russiýanyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bolşy ýaly, agzalan ugurlara hem okgunly häsiýet mahsusdyr. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki Hökümetara toparyň hyzmatdaşlyk meselelerini çözmekde hem-de onuň geljegi uly bolan ugurlaryny işläp düzmekde eýeleýän ähmiýetli orny bellenildi.
Bir aý mundan öň türkmen wekiliýetiniň Moskwa şäherine bolan iş saparynyň jemleriniň köpýyllyk özara gatnaşyklara täze itergi berendigi bellenildi. Onuň çäklerinde russiýaly kärdeşler bilen duşuşyklaryň 60-dan gowragy geçirilip, ikitaraplaýyn resminamalaryň 10-dan köprägine gol çekildi.
Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen açyklyk, dostlukly, syýasy gatnaşyklaryň türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösüşiniň esasy şertidigi nygtaldy. Döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mäkäm hukuk binýady döredildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň geçen ýyl ABŞ-nyň 1 milliard 380 million dollaryna golaý bolandygy bellärliklidir.
Türkmenistanyň hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg şäheri ýaly iri sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga sazlaşykly häsiýet mahsusdyr.
Ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde, ýurtlaryň ikisinde hem dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilip, bilim ugry boýunça däbe öwrülen gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň sany barha artýar.
Şeýle hem şu gün Kazanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy. Onda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň türkmen-rus hyzmatdaşlygy babatda nusga alarlykdygy bellenildi. Häzir onuň çäklerinde dürli pudaklary gurşap alýan özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge mümkinçilik berýän resminamalaryň ençemesi bar.
Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda awtomobil tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek, uçar hem-de gämi gurluşyk, serwis hyzmatlary we beýlekiler bar. “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Tatneft” paýdarlar jemgyýeti, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” paýdarlar jemgyýeti, “Ak bars” gämigurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, özara söwdanyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Türkmenistanyň hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlyk uly orun eýeleýär, bu iki dostlukly halky birleşdirýän köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar olaryň medeniýetleriniň we däpleriniň meňzeşligi bilen şertlendirilendir. Şunda ýokary bilim we işgärleri taýýarlamak ugry boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlyk esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Tatarystan üçin strategik hyzmatdaşdyr.
Duşuşyk tamamlanandan soň, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowa “Tatar Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy” atly medaly gowşurdy. Bu medal RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň döwlet sylagydyr.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Kazanda bolmagynyň çäklerinde, kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Söwda-ykdysady hem-de bank ulgamlarynda, nebitgaz pudagynda, halk hojalygynda, howa we suw ulaglarynyň, işewürlik düzümleriniň ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň geljegi gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Milli Liderimiziň häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, oňyn goşulyşmak işlerini höweslendirmek, munuň üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek boýunça yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mahlasy, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ýurdumyzyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde has-da ösdürmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa milli bähbitlere hem-de umumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna kybap gelýär.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi