Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Baş metjidinde berlen agzaçar sadakasynda sözlän sözi

eye
353
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Baş metjidinde berlen agzaçar sadakasynda sözlän sözi

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrdan dostum!

Eziz türkmen doganlar!

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, ilki bilen, Size, ähli Türkmenistanyň halkyna türkmen iliniň hormatly ýaşulusy Mälikguly atanyň aradan çykandygy sebäpli, öz adymdan we halkymyzyň adyndan çuňňur gynanç bildirýärin.

Bu agyr ýitgi bizi-de gaýga batyrdy.

Ynha, bu gün mukaddes Oraza aýynda bu beýik ynsany hormat bilen ýatlaýarys. Mälikguly atanyň ruhuny şatlandyrmak niýetinde bu günki agzaçar sadakasyna gatnaşmak biziň üçin uly hormatdyr.

Özbek we türkmen halklary gadymdan birek-birege egindeş bolup, dostlukly ýaşap gelýärler.

Beýik akyldar Magtymgulynyň:

— Pyragynyň iki gözi bar,

Biri türkmen bolsa, biri özbegim

— diýen mizemez setirleri-de muny tassyklaýar.

Bu günki hatyra dessury-da, ynha, şu ozaldan gelýän dostluk-doganlygyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu gün Mälikguly atanyň göreldeli durmuşyny, onuň sogaply işlerini ýatlamagymyz tebigydyr, elbetde.

Ählimiz Allatagaladan merhumyň ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg edýäris.

Ol ynsanyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynda, bilim we döwlet dolandyryşy ugurlarynda netijeli zähmet çekendigini, parahatçylygy hem-de asudalygy saklamaga, halkyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga uly goşant goşandygyny biz gowy bilýäris.

Mälikguly atanyň mazmunly durmuş ýoly, zähmetsöýüjiligi hem-de mertligi, ata Watanyna bolan çäksiz söýgüsi we wepalylygy, adamkärçiligi, hemmeler üçin, ilkinji nobatda, ýaş nesil üçin görelde nusgasydyr.

Hakykatdan hem, parahatçylygyň goragçysy, halypa-mugallym bolmak bagtdyr we şeýle ynsanlar elmydama hormata mynasypdyr.

Mälikguly ata mähriban ýanýoldaşy Ogulabat eje bilen bile il-ýurduna wepaly, mert, edermen we kämil perzentleri, agtyklary terbiýeläp ýetişdirendigi bilen hem uly hormata mynasypdyr.

Hormatly ýaşula gojalyga ýetip, perzentleriniň bagtyny görmek miýesser etdi. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň Altyn asyr zamanasyna şaýat boldy.

Mälikguly atanyň mynasyp perzendi bolan gadyrdan dostum, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň baştutanlygynda bu gün Türkmenistan barha rowaçlanýar.

Türkmen halkynyň şeýle uly üstünlikleri bizi — Özbegistanyň halkyny örän begendirýär.

Biz Gurbanguly Mälikgulyýewiçe bütin durmuşyny türkmen iliniň parahatçylygyny we eşretliligini üpjün etmäge, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýyny pugtalandyrmaga bagyşlan görnükli döwlet we syýasy işgär, özbek halkynyň ýakyn dosty hökmünde hormat goýýarys.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň akylly-başly we netijeli syýasaty Türkmenistanyň ähli ugurlardaky uly üstünliklerine pugta esas bolup hyzmat edýär.

Biz Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky strategik aragatnaşyklaryny, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hut özüniň goşant goşýandygyny çuňňur hormatlaýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň ýolbaşçylygy tarapyndan öňe sürülýän, sebitimizde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary doly goldaýandygymyzy ýene bir gezek nygtaýaryn.

Gadyrdan dostum Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu synagly günlerde Size, hormatly Ogulabat enemize, maşgala agzalaryňyza we ähli ýakynlaryňyza Beýik Biribardan sabyr-takat we çydamlylyk dileýäris.

Hormatly ataňyz Mälikguly ata ömrüniň dowamynda kän gowy işleri etdi we özünden ýagşy at galdyrdy.

Beýik ynsan, türkmen iliniň gaýratly perzendi Mälikguly atanyň aýdyň hatyrasy kalbymyzda müdimi saklanar.

Biz Beýik Biribardan merhumyň ýatan ýerini ýagty, ahyrýetini abat etmegini tüýs ýürekden dileýäris.

Haýyrly arzuwlarymyzyň amala aşýan mukaddes Oraza günlerinde halklarymyzyň dostlugynyň we doganlygynyň ebedi bolmagyny dileg edýäris.

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 29-njy apreli