Düýn Türkmenistan bilen ýadro ýaraglarynyň synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnama boýunça Guramanyň guramagynda geçirilen «Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjüne etmek: ýargsyzlanma babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak» atly Halkara maslahatynda wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Reşit Meredow ýadro ýaýragyny ýaýratmazlygy we ýaragsyzlanmagy üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyzyň Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat sebiti döretmek barada Şertnamany ilerletmekde möuüm orun eýeleýändigini belledi.
Şu ýyl 2006-njy ýylyň 8-nji senrýabrynda Semipalatinskide sebitiň döwletleriniň ählisiniň gol çeken Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat sebiti döretmek barada Şertnamasyna (MAÝÝAS) 15 ýyl dolýar. Resminama 2009-njy ýylyň 21-nji martynda güýje girdi, MAÝÝAS Şertnamasyny ilerletmek babatda we iş ýüzünde durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ähmiýeti uly bolupdy, 2009-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Şertnama gatnaşýan döwletleriň birinji geňeş duşuşygynda onuň başy başlanypdy.
Ýadro ýaragsyz sebit barada Şertnamany 1997-nji ýylyň senrýabrynda Daşkentde geçirilen «Merkezi Aziýa – ýadro ýaragyndan azat sebit» atly maslahatyň jemi boýunça halkara bilermenleri taýýarlapdylar. 1997-nji ýylyň 9-njy dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada ýardo ýaragyndan azat sebiti döretmek» hakda 52/38S belgili Rezolýusiýany kabul etmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň öňde goýlan maksada ýetmäge tutanýerliligini halkara köpçüliginiň goldýandygyny görkezdi. MAÝÝAS Şertnamasyny taýýarlamak boýunça duşuşyklar şäherleriň birnäçesinde, şol sanda Ženewada, Daşkentde, Sapporoda, Aşgabatda we Samarkantda geçirildi. Şertnama tutuş dünýä üçin strategik geosyýasy ähmiýetli Merkezi Aziýa sebitinde ýadro howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýär. Abraýly bilermenleriň pikirine görä, MAÝÝAS barada Şertnamanyň özboluşlylygy terrorçylyga garşy göreşi güýçlendirmegi we ýadro materiallarynyň hem-de tehnologiýalarynyň döwlete degişli bolmadyk guramalaryň, ozaly bilen, terrorçylaryň eline düşmeginiň öňüni almagy üpjün eden sebit howpsuzlygynyň täze elementi döredilipdi.
Merkezi Aziýanyň ýadro ýaragsyz sebit hökmünde aýratynlygy, birinjiden, ol tutuşlygyna gury ýer bilen gurşalan, dünýä ummanyna çykmaýan Demirgazyk ýarym şarynda döredilen ilkinji sebitligidir. Merkezi Aziýa Russiýa we Hytaý ýaly ýadro ýaragly iri döwletler bilen serhetleşýän az sanly dünýä sebitleriniň biridir. Ikinjiden, ol ozal ýadro ýaraglary synag edilen sebitde döredilen ýadro ýaragsyz sebitdir. Şonuň üçinem Şertnamada ekologiýa we radiasiýa howpsuzlygyny, daşky gurşawy dikeltmegi üpjün etmek boýunça düzgünler bar. Üçünjiden, şunuň ýaly şertnamalardan tapawutlylykda, bu Şertnamada Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ählisiniň gözegçiligi amal etmek üçin MAGATE bilen Goşmaça protokol baglaşmak göz öňünde tutulýar.
2014-nji ýylyň 6-njy maýynda BMG-nyň ştab-kwartirasynda Gurama döredilenden bäri ilkinji gezek «ýadro ýaragly bäşligiň» – ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Hytaýyň we Russiýanyň wekilleri Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat sebit barada Şertnama goşmaça howpsuzlyk kepilleri hakda Protokola gol çekdiler. Munuň özi « sebit howpsuzlygyny üpjün etmekden ählumumy howpsuzlyga» ýörelgesine laýyklykda dünýäniň has howpsuz bolandygyny aňladýar.
Türkmenistan ýadro ýaraglarynyň ählumumy gadagan edilmegi baradaky ählumumy Şertnamanyň çalt güýje girizilmegi ugrunda çykyş edýär. Ýurdumyz Aziýada ýaragsyzlanmak boýunça BMG-nyň Sebit merkezini döretmek meselesine garamagy teklip edýär.
Ogulgözel REJEPOWA
Surata düşren: Ýuriý ŞKURIN