Ï Aşgabadyň nah mata kombinaty – Türkmenistanda senagatlaşdyrmagyň başyny başlan, ýeňil senagat üçin milli hünärmenleriň taýýarlanan ýeri bolan paýtagtymyzyň baýry kärhanasydyr.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabadyň nah mata kombinaty: türkmen senagatynyň ilkinji kärhanasy

view-icon 6902

Aşgabadyň nah mata kombinaty – Türkmenistanda senagatlaşdyrmagyň başyny başlan, ýeňil senagat üçin milli hünärmenleriň taýýarlanan ýeri bolan paýtagtymyzyň baýry kärhanasydyr.

Fabrigiň taryhy ýurduň taryhy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Kärhana Orta Aziýa üçin agyr döwür döredilipdi. Pagtaçylyk ýaňy dikeldilip başlapdy, gaýtadan işleýän kärhanalar ýokdy. Agabatda egirme-dokma fabriginiň gurluşygy barada karar 1922-nji ýylda kabul edilipdi, ýöne ony bäş ýyldan soň gurup başladylar.

Ýerli dokma pudagynyň ilkinji kärhanasynyň taslamasyny düzmäge we ony maliýeleşdirmäge taýýarlamaga köp wagt gitdi. Ýaş respublikanyň serişdesi ýokdy, şonuň üçinem ýurduň merkezi senagat sebitleriniň býujetlerinden gurluşyga maýa goýum goýbermek karar edildi. Munuň üçin Türkmen respublikasynyň eýeçiligine Reutowo egirme fabrigi, Russiýanyň Wladimir we Iwanowo-Woznesensk oblastlarynda ýerleşýän dokma fabrikleriniň ikisi, şeýle hem Reşetnikowo torf taýýarlaýjy kärhana «Türkmen döwlet manyfaktura» trestine kärendesine berildi, çünki bu fabrikler torf ýangyjynda işleýärdi.

Fabrik gurulmazyndan iki ýyl öň milli hünärmenleri taýýarlamak guraldy. 1926-njy ýylyň ýanwaryndan Türkmenistandan Reutowonyň egirme fabrigine hünär öwrenemk üçin adamlar ugradylyp başlandy. Işçileri taýýarlamaga Iwanowo-Woznesenkiniň, Tweriň, Tulanyň, Malahowyň, Ýegorowyň, Bakuwyň we beýleki şäherleriň dokmaçylary kömek berdiler, şol ýerlerde türkmen ýaşlary dokmaçylygy, egirmeçiligi, tokarlygy we slesarlygy öwrendiler.

1929-njy ýylyň güýzünde Russiýanyň merkezi senagat sebitlerinde hünär öwrenenleriň sany, olaryň aglabasy türkmen zenanlarydy, eýýäm 363 adama ýetipdi. Olar hem geljekki fabrigiň esasy işgärleri boldular, hünärli türkmen dokmaçylarynyň köpüsi ýönekeý işçilikden senagat kärhanalarynyň ýolbaşçylygyna çenli ýol geçdiler.

1930-njy ýylda fabrikde 547 işçi zähmet çekýärdi. Şeýle bolsa-da, respublikanyň dokma önümçiligine kärine ussat – inžnerler, tehnikler, ussalar we beýleki işgärler ýetmänsoň, olar türkmen ýaşlarynyň hünär öwrenen kärhanalaryndan Aşgabada işe çagyryldy.

Fabrik Moskwanyň, Leningradyň we beýleki senagat merkezleriniň alymlarynyň hem-de inženerleriniň taýýarlan taslamasy esasynda guruldy. Taslama işlerine professorlar W. M . Keldyş we W.M. Çaplin ýobaşçylyk etdiler. Binany guran «Dokmagurluşyk» kärhanasyna inžener L.G. Porohin ýolbaşçylyk edýärdi. Hut şolaryň tagallasy bilen 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabry gijesi bolan weýrançylykly ýer titremede diňe bir egirme-dokma fabriginiň binasy abat saklanyp galman, eýsem gije işlän 300 adam hem halas bolupdy.

Fabrik 1929-njy ýylyň 19-njy noýabrynda açyldy. Şol gün hem 3100 adamlyk işçi şäherçeleriniň ikisi ulanmaga berildi. Fabrigiň çäginde çagalar bagy, lukmançylyk nokady, dükanlar, hünär mekdebi, umumy bilim berýän mekdep bardy. Iki çalşykda işleýän karhanada bir gije-gündizde 1,5 müň tonna pagta gaýtadan işlenilýärdi we 10 müň metr mata taýýarlanýardy. Ol häzirkiden has az bolsa-da, bu ýerde çykarylýan nah matalaryň üçden iki bölegi respublikanyň çäginden daşary äkidilýärdi.

Wagty bilen dokma we egirme önümçiliginiň kuwwaty artdy, işgärleriň sany iki esse köpeldi.

Ýöne Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen işçileriň we hünärmenleriň aglaba bölegi urşa gitdi. Fabrigiň işgärleri gije diýmän gündiz diýmän zähmet çekýärdiler. Netijede 1941-nji ýylyň oktýabrynda meýilnamada bellenilendäkiden birnäçe müň önüm artyk çykaryldy.

Fabrikde zähmet çekýän zenanlar fronta kömek üçin pul, gymmatly şaý-sepleri, sowgat ýygnaýardylar, esgerler üçin ýyly eşikleri örýärdiler, güpbi tikýärdiler. 1943-nji ýylda fabrigiň direktory D. Saparmuhammedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekilýeti Leningrad gabawy zerarly görgi baryny görüp, Ladoga kölünden geçip, gabawda galan şäheriň goragçylaryna sowgatlary elin gowşurypdy.

Weýrançylykly ýer titremesi zerarly ýaňy aýaga galyp ugran kärhana üç aýlap işini togtatmaly bolupdy. Elhenç tebigy beladan tehnologik enjamlara zeper ýetipdi, egirme stanoklarynyň ençemesi ýerinden süýşüpdi. Iwanowo we Moskwa oblastlarynyň, Daşkendiň dokma fabriginiň inženerleri we tehnikleri egirme hem-de dokma stanoklaryny bejerdiler.

Işçiler fabrikde gije-gündiz zähmet çekýärdiler. Olaryň arasynda Ene Öwezowanyň ata-enesi-de bardy. Ol şol döwürde 14 ýaşynda ululara kömek bermek üçin bu ýere gelipdi. Soňy bilen fabrige dokmaçynyň kömekçisi bolup işe geldi we elli ýyldan gowrak zähmet çekdi. Şu döwürde oňa Türkmenistanň ýeňil senagatynyň at gazanan işgäri, Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty atlary dakyldy, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany ady berildi, üç gezek Türkmenistanyň Ýokary Sowetine deputatlyga saýlanyldy. Garaşsyzlyk ýyllary «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglandy. Bu ýerde onuň erkek we aýal doganlary, agtyklary zähmet çekdiler we işleýärler – olaryň kärhanadaky umumy zähmet stažy 400 ýyla golaýlaýar.

Işçiler, inženerler, gullukçylar fabrigi dikeltmäge gatnaşýardylar, şäheri harabaçylykdan arassalamaga kömekleşýärdiler, bag ekýärdiler. Eýýäm 1949-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda möhletinden bir aý öň ilkinji dokma stanok işe girizildi.

Fabrikde üç gezek enjamlar çalşyldy. Kärhana Türkmenistanyň iri dokma önümçilikleriniň birine öwrüldi, onuň önümleri Owganystana, Müsüre, Siriýa, Tunise, Alžire we beýleki ýurtlara iberilýärdi.

Bu ýerde häzirem nah matalar çykarylýar, jorap örülýär, sintepon öndürilýär. Paýtagtymyzyň 140 ýyllyk ýubileýiniň öň ýanynda ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýardam bermegi bilen guralan gezelençlerde aşgabatlylar baýry dokma kärhanasynyň taryhy bilen tanyşýarlar.

Wladimir KOMAROW