Türkmenistanyň Tährandaky ilçisi Ahmet Gurbanow bilen Eýranyň KEPCO (Khazar Exploration and Production Company) nebit çykarýan kompaniýasynyň baş direktory Aly Osuliniň duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynyň (ÝET) çäginde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine garaldy.
KEPCO kompaniýasy Eýranyň Milli nebit şereketiniň (MNŞ) bölümidir.
Duşuşygyň dowamynda KEPCO kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hazar nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalar bilen tanyşdyrdy. Aly Osuli, şeýle hem Eýranyň demirgazygynda gämi gurluşyk kärhanalaryny döretmek meselesine we Hazar deňzinde işlemek üçin Eýran platformasynyň, hususan-da, “Iran-Käbir” ýarymsuwasty platformanyň we köpmaksatly gämileriň gurluşygynyň tejribesini gürrüň berdi.
Öz gezeginde diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy inžener-tehniki babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine ýokary baha berdi. Diplomat Eýranyň Hazar deňziniň çuň suwlarynda işlemek boýunça tehniki tejribesinden Türkmenistanyň hem peýdalanyp biljekdigine umyt bildirdi. Ilçiniň pikiriçe, bu ugurda iki ýurduň ýöriteleşen önümçilik kärhanalarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek maksada laýykdyr.
“Hazar deňzinde Türkmen-Eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilik bar, bu bolsa goňşy iki döwletiň ykdysady ösüşine ýardam eder” - diýip, ilçi Ahmet Gurbanow aýtdy.
ÝET-iň çägindäki hyzmatdaşlygyň jähetleriniň Türkmenistan-Eýran hökümetara toparynyň nobatdaky geňeşiniň gün tertibinde seredilmegine garaşylýar.
Janmämmet GULAMOW
Surat “Shana” saýtyndan