“Türkmenawtoulaglary” we “Türkmendemirýollary” gulluklarynyň wekilleriniň Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň işgärleri bilen 30-njy aprelde bolup geçen onlaýn-duşuşygynda halkara ýük daşamagyň çägindäki hyzmatdaşlyk meselesine seredildi.
Taraplar halkara awtomobil we demirýol ýük gatnatmak pudagynda hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny bildirdiler. Şunuň bilen birlikde, ähli epidemiologik talaplaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi-de bellendi.
Şeýle hem wideoduşuşygyň barşynda Täjigistan Respublikasynyň harytlaryny Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly dünýä bazarlaryna çykarmagyň mümkinçilikleri barada bellenip geçildi.
Janmämmet GULAMOW