Şu gün, 3-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagy bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşlikde ministrler 2021-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyklara aýratyn üns berdiler.
Şeýlelikde, saparyň guramaçylygyna, şol sanda saparyň öň ýanynda geçiriljek Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisiniň taýýarlygyna baha berdiler.
Taraplar şeýle-de şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar Sammitiniň geçirilmegine degişli meselelere-de seretdiler.
Ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garalanda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň dowam edilmegi babatda ylalaşdylar.