Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň Sekretariaty tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda bu guramanyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge saldamly goşant goşmaga gönükdirilen parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki syýasy-diplomatik işiniň möhüm ugrudyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugur halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde möhüm ähmiýete eýedir.
Interaktiw söhbetdeşlikde duşuşyga gatnaşyjylar ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň 29-njy mejlisiniň esasy meselelerini we gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mejlisi şu ýylyň iýul aýynda onlaýn görnüşde geçirmek meýilleşdirilýär.
Onuň çäklerinde bu abraýly düzümiň giňişliginde üstünlikli ösdürilýän köptaraply hyzmatdaşlygyň syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki, ekologiýa we ynsanperwer ugurlaryna degişli meseleleriň uly toplumyna garamak göz öňünde tutulýar. Onuň düzümine Ýewropanyň, Aziýanyň, Demirgazyk Amerikanyň 57 döwletiniň 300-den gowrak parlamentarisi girýär.
***
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ştab-kwartirasy (Awstriýanyň Wena şäheri) tarapyndan 4-5-nji maýda geçirilýän halkara wideomaslahat maglumat, telekommunikasiýa we kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlanýar.
ÝHHG-ä agza ýurtlaryň arasynda bu möhüm ulgamda tejribe alyşmaga gönükdirilen iki günlük onlaýn duşuşyga türkmen tarapyndan “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary okgunly ösüşe eýe bolup, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň esasy ulgamlarynyň ählisinde giňden ulanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu konsepsiýa ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň we durmuş ulgamynyň netijeli hereket etmegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmen hünärmenleri öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we özleşdirmek bilen, diňe bir taýýar çözgütleriňdir nou-haularyň daşary ýurtlardan getirilmegine esaslanýan sanly ulgamy döretmekden däl, eýsem, özleriniň ylmy-tehnologik kuwwatyna esaslanýan nusgasyny döretmekden ugur alýarlar.
Şunuň bilen birlikde, internetiň ählumumy ulgamynyň we kibergiňişligiň beýleki esasy düzüm bölekleriniň işjeň ulanylmagy täze, has çynlakaý howplary döredip biler. Milli “kiberözbaşdaklygy” goramak hem-de zyýanly haker hüjümleriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Kanun kabul edildi. Onda strategik taýdan möhüm pudaklarda maglumat düzüminiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň tertibi we aýratynlygy kesgitlenilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň okgunly ösýän milli maglumat ulgamlarynyň we ulgamlaýyn giňişligiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň düzüminde Kiberhowpsuzlyk gullugy, ministrlikleriň düzüminde bolsa ýörite bölümler döredildi. Şunuň bilen birlikde, aýry-aýry okuw mekdeplerinde ýokary hünärli IT-hünärmenleri taýýarlamak ýola goýuldy.
Kiberhowpsuzlyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem uly üns berilýär. Türkmenistanyň wekilleriniň halkara guramalar, hususan-da, ÝHHG tarapyndan guralýan duşuşyklara we okuw maslahatlaryna yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi