Ï Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ «С5+1» formatyň rowaçlanýandygyny bellediler.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ «С5+1» formatyň rowaçlanýandygyny bellediler.

view-icon 1577

«С5+1»  (Gazagystan, Gyrgyzystan,  Täjigistan, Тürkmenistan,  Özbegistan we ABŞ) formaty geçen bäş ýylyň içinde ykdysadyýetde, energetikada, söwda, saglyk ulgamlarynda   we howpsuzlygy üpjün etmekde özara gatnaşyklaryň gerimini giňeldip üstünlikleri gazandy.  

Bu barada ТАСС gullugy hepdäniň sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan «С5+1» gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 23-nji apreldäki wideo-duşuşygynyň netijesi boýunça bilelikde ýaýradylan ýüzlenmesinde aýdylýandygyny  habar berýär. 

Bu resminamada şeýle diýilýär: «Duşuşyga gatnaşyjylar  2015-nji ýylyň noýabr aýynda döredilen «С5+1» formatyň bäş ýyllygyny bellediler we onuň sebitleýin gepleşikleri, hyzmatdaşlyklary berkitmekde üstünlik gazanandygyny nygtadylar. Bu hyzmatdaşlyk ykdysady, energetika, söwda gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna, ekologiýada, saglykda ýüze çykýan kynçylyklary we howpsuzylyga abanýan  päsgelçilikleri bilelikde ýeňip geçmäge, agza-ýurtlaryň syýasy, ykdysady durmuşyna aýal-gyzlaryň ähli ugurlar bounça işjeň gatnaşmaklaryna ýardam berdi. Gatnaşyjylar ABŞ-ny hem goşmak bilen dürli-dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda öz bähbidini amala aşyrmaga erkin, gülläp  ösýän we howpsuz  Merkezi Aziýany döretmegiň hatyrasyna umumy meseleleri bilelikde çözmäge taýýardyklaryny  ýene-de bir gezek mälim etdiler».  

Gazagystan, Gyrgyzystan,  Täjigistan, Тürkmenistan we  Özbegistan «С5+1» formatda ABŞ-yň prezidentiniň howa şertleri  boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň arasynda gelejekde duşuşyk geçirmek barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňe süren teklibini makullady.  

Olar «С5+1»  formatda indiki ýokary derejeli duşuşygy sebitleýin maslahatyň çäginde geçirmäge ylalaşdylar. Ony Özbegistanyň hökümeti iýul aýynda gurar.  Ýylyň aýagynda ministrleriň  ýene-de bir maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.