Ï Yslamabad TOPH taslamasynyň basym amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýär –Päkistanyň habar beriş serişdeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Yslamabad TOPH taslamasynyň basym amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýär –Päkistanyň habar beriş serişdeleri

view-icon 2163

Päkistan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň çalt amala aşyrylmagyna gyzyklanýar. Päkistanyň esasy habar beriş serişdeleri şu gün bu barada  ýazýarlar. 

Daily Times neşiriniň habaryna görä, Päkistanyň energetika ministri Muhammed Hammad Azhar Yslamabatda türkmen ilçisi Atajan Möwlamow bilen duşuşygynda bu gaz turbasynyň  gysga wagta tamamlanmagyna we ulanyp başlanmagyna  gyzyklanma bildirýär. Päkistanyň energetika ministri TOPH taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň özara bähbitlerini göz tutup, türkmen gazyny akdyrmak we üpjün etmek hakdaky ylalaşygyň ähli taraplaryny jikme-jik öwrenmegiň möhümdigini nygtaýar.  

Türkmen ilçisiniň Päkistanyň energetika ministri bilen duşuşygy hakynda maglumaty ýaýradan «Radio Pakistan» täzelikler internet-portaly Atajan Möwlamowyň öz gürrüňinde TOPH taslamasyny amala aşyrmakda türkmen tarapyndan gazanylan öňe gidişlikler hakynda habar berendigine ünsi çekýär. 

«Radio Pakistan» ─ maliýeleşdirişi we turba  geçirijiniň howpsuzlygyny hasaba almak bilen türkmen diplomatynyň taslamany amala aşyrmakda ähli soraglaryň jogaplarynyň jikme-jik öwrenilýändigine Päkistanyň ministrini  ynandyrandygyny belleýär. 

Jemi1814 kilometr uzynlykdaky, bir ýylda 33 milliard kubometr tebigy gazy akdyrmaga ukyply turba geçirijisiniň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda başlandy. Taslama laýyklykda, TOPH ägirt uly  türkmen gaz  ýatagy  Galkynyşdan başlanýar we Owganystanyň Hyrat, Farah, Gilment we Gandagar, şeýle-de  Päkistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň üstünden geçer we Penjap ştatynyň Fazilka şäheriniň golaýynda päkistan-hindi serhedine çykar. Taslama Rossiýa, ABŞ, Ýewropa Bilelişigi we beýleki döwletler, şunuň ýaly-da  iri halkara maliýe institutlary tarapyndan  makullandy.