Şu gün Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlik türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge bagyşlandy.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlik mahalynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar biziň halklarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli guralýan strategik häsiýetli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, daşary işler ministrleriniň “Merkezi Aziýa –Hytaý” duşuşygyna taýýarlyk görmek we geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu duşuşygy şu ýylyň 12-nji maýynda HHR-iň Sian şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň we HHR-iň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky komitetiň döwletara gatnaşyklaryň täsirli guraly bolup durýandygy bellenildi. Bu komitet esasy dört ugur: söwda, energetika, howpsuzlyk we medeniýet ugurlary boýunça işleýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan komitetiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň öňümizdäki sapary ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm meseleleriniň biri boldy. Bu wekiliýet Hytaýa şol düzümiň işini işjeňleşdirmegiň we onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Hytaýa iberilýär.
Taraplar däp bolan dostluk gatnaşyklaryny hem-de birek-birege ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga umumy gyzyklanmany tassykladylar.