BSG Germaniýanyň hökümetiniň goldawy bilen, pandemiýalaryň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça täze halkara merkezi açýar. Göz öňünde tutulyşy ýaly, ýokary hilli tehnologiýalar we innowasiýalar Berline bütin dünýäden gelip jemlenjek statistik we seljeriş maglumatlary gaýtadan işlemäge mümkinçilik döreder.
Bu barada çarşenbe güni geçen metbugat-konferensiýasynda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we BSG-niň ýolbaşçysy dr. Tedros Gebreýesus habar berdi. “Merkez şu ýylyň dowamynda açylar” diýip, BMG-niň metbugat gullugy mälim edýär.
Angela Merkeliň aýtmagyna görä, adamzat diňe bilelikde hereket etmek bilen, KOWID-19 pandemiýasy ýaly dünýä möçberindäki kynçylyklary ýeňip biler. Ol BSG-niň bu tagallalaryň merkezinde durandygyny, kabul edilýän kararlaryň üstünliginiň bolsa köp halatda başlangyç maglumatlaryň hiline we möçberine baglydygyny nygtady.
Dr. Tedros pandemiýanyň maglumat toplaýyş we gaýtadan işleýiş zynjyrynyň gowşak ýerlerini ýüze çykarandygyny belledi. “Tebigatda epidemiýa we pandemiýa häsiýetli wirus köp, – diýip ol aýtdy. – Wiruslar tiz hereket edýärler, emma maglumat ondan-da tiz ýaýradylyp bilner. Ellerinde ygtybarly maglumatlar bolsa, ýurtlar wiruslary öňürdip bilerler”.
Germaniýadaky merkez “superkompýuter” bilen enjamlaşdyrylar. Bu kompýuter hadysalaryň mümkin bolan ýaýbaňlanyş modellerini öňünden bilmek we olaryň öňüni almak boýunça degişli maslahatlary bermek üçin jemlenen maglumatlary seljerer.
BSG-niň saglygy goraýyş pudagynda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Meýilnama ýolbaşçysy dr. Maýkl Raýan: “Aýanlygyň we hasabat bermekligiň ýetmezligi” bilen bagly meseleleri hatda täze tehnologiýalaryň kömegi bilen-de hemme wagtda çözmegiň mümkin däldigini boýun aldy. Şunuň bilen birlikde, ol howply meýilleriň ýüze çykarylmasynyň we wagtynda görlen çäreleriň saglygy goraýyş pudagynda köp krizisiň öňüni almaga ýardam etjekdigini tassyklaýar.
Bu nukdaýnazardan täze merkeziň “ir habardar etmegiň global ulgamy” boljakdygyny şu günki metbugat konferensiýasyna gatnaşanlar nygtadylar.