Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we HHR-iň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy 11-12-nji maýda geçip biler. “Sputnik Özbegistanyň” habar bermegine görä, muny Özbegistanyň DIM-niň metbugat kätibi we resmi wekili Ýusup Kabuljanow mälim etdi.
“Özbegistanyň DIM-niň wekiliýetiniň on birinji-on ikinji maýda daşary işler ministrleriniň “Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri” formatynda geçjek nobatdaky duşuşygynyň işine gatnaşmagy meýilleşdirilýär” diýip, Kabuljanow aýtdy. Ondan öň KHS ikinji “Merkezi Aziýa – Hytaý” ministrler duşuşygynyň maý aýynyň ortalarynda Hytaýyň Şensi welaýatynda geçmeginiň mümkindigini habar beripdiler.
Ilkinji “Merkezi Aziýa – Hytaý” ministrler duşuşygy KOWID-19 pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda wideomaslahat görnüşinde geçirilipdi. Internet arkaly geçeirilýän bu çärä Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-iň ýolbaşçylary gatnaşypdylar.
Öňde duran duşuşykda oňa gatnaşýanlaryň KOWID-19 pandemiýasyna we onuň netijelerine garşy göreşiň toplumlaýyn meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşjakdygy çak edilýär.