Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň (CAREC) taslamasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hemde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Maslahatyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmak hemde bu babatda halkara maliýe guramalarynyň, hususanda, BMGniň Ýaşyl howa gaznasynyň (GCF) serişdelerini, döwlet we hususy maýa goýumlary çekmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynda görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi adamzat üçin uly wehim bolup durýar. Munuň şeýledigini ýakynda bolup geçen bütindünýä howa sammiti aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň ençemesi halkara bileleşigiň bu meseläni çözmekdäki tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Şolaryň biri Aşgabatda BMGniň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegine degişlidir.
BMGniň howanyň üýtgemegi bilen bagly Çarçuwaly Konwensiýasyna, Kioto teswirnamasyna we Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistan öz üstüne alan ähli borçnamalaryny doly ýerine ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan rejelenen görnüşde tassyklanan Howanyň üýtgemegi bilen bagly Milli strategiýa hemme pudaklarda, hususanda, nebitgaz, ulag, elektroenergetika, obasenagat toplumynda, gurluşyk we ýaşaýyşdurmuş ulgamlarynda howa goýberilýän zyýanly galyndylary azaltmak üçin ulgamlaýyn çäreleri göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli tokaý maksatnamamyz möhüm orun eýeleýär. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary ekilýär. Tokaýlar bolsa, bilşimiz ýaly, zyýanly gazlary azaltmaga kömek edýär.
Merkezi Aziýanyň ekologiýa meseleleri boýunça sebit merkezi (CAREC) 2021nji ýylda Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň hökümetleri, şonuň ýalyda, Ýewropa Bileleşigi we BMGniň Ösüş maksatnamasy tarapyndan 1998nji ýylda Orhus şäherinde (Daniýa) geçirilen dördünji Umumyýewropa maslahatynyň çözgüdine laýyklykda döredildi. Daşky gurşawy goramak işine gatnaşýan, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň arasynda gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, CAREC häzirki wagtda daşky gurşaw hemde durnukly ösüş babatynda bilimleriň iri sebit merkezi, ykrar edilen milli, sebit hemde halkara hyzmatdaş bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi