Ï Türkmenistan we ÝHHG-niň agzasy bolan 10 ýurt doganlyk gonamçylyklaradyr Ikinji Jahan urşy ýyllarynda nasizme garşy göreşde wepat bolanlaryň hormatyna galdyrylan ýadygärlik toplumlaryna aýawly çemeleşmäge we nasistleriň gahrymanlaşdyrylmagyna ýol bermezli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ÝHHG-niň 11 ýurdy bilen bir hatarda nasizme garşy göreşde wepat bolanlaryň ýadygärliklerini aýawly saklamaga çagyrdy

view-icon 2846

Türkmenistan we ÝHHG-niň agzasy bolan 10 ýurt doganlyk gonamçylyklaradyr Ikinji Jahan urşy ýyllarynda nasizme garşy göreşde wepat bolanlaryň hormatyna galdyrylan ýadygärlik toplumlaryna aýawly çemeleşmäge we nasistleriň gahrymanlaşdyrylmagyna ýol bermezlige çagyrdy. TASS-yň habar bermegine görä, Ikinji Jahan urşunda gazanylan beýik ýeňiş mynasybetli Türkmenistanyň Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belorusyň, Bosniýanyň, Gersogowinanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Serbiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ÝHHG-däki hemişelik wekilleri şeýle bilelikdäki ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

“Harby gonamçylyklara, Ikinji Jahan urşy ýyllarynda nasizme we faşizme garşy göreşde wepat bolanlaryň hormatyna galdyrylan hatyra toplumlaryna, ýadygärliklere we obelisklere aýawly çemeleşmäge çagyrýarys. Şular ýaly ýadygärlik desgalary babatyndaky wandalizmi aklamak mümkin däldir” diýlip, beýanatda aýdylýar.

“Halklarymyzyň hakydasynda we arhiw resminamalarynda saklanýan şol wakalar barada taryhy hakykaty aýamak we goramak biziň mukaddes borjumyzdyr. Ikinji Jahan urşunyň taryhynyň, onuň sebäpleriniň we netijeleriniň galplaşdyrylmagy, her hili pirimlere we häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň esaslaryny gowşatmaga ýardam etmek bilen birlikde, nasizme garşy göreşenleriň hatyrasyny we onuň gurbanlaryny kemsidýär” diýlip, resminamada nygtalýar.

On bir döwletiň wekilleri nasist hereketini, neonasizmi we “Waffen-SS” guramasynyň öňki agzalaryny gahrymanlaşdyrmaga, şol sanda, ýadygärlikler we hatyralyk binalaryny gurmak, nasist geçmişini şöhratlandyrmak hem-de şeýle beýleki maksat bilen, köpçülikleýin ýörişler geçirmek arkaly-da gahrymanlaşdyrmaga ýol berilmeli däldigini yglan etdiler.

“Azat, demokratik, umumy, bölünmez ýewraziýa we ýewroatlantika howpsuzlyk bileleşigi düşünjesine wepalydygymyzy tassyklaýarys. Halkara howpsuzlyk we ynanyşmak ulgamyny mäkämleşdirmek maksady bilen, deňhukuklylyga we sylanyşyga esaslanýan hemme zady öz içine alýan gepleşikler ugrunda çykyş edýäris” diýip, on bir döwletiň hemişelik wekilleri beýanatlaryny jemlediler.