Ï Mary welaýatynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar sarpalandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar sarpalandy

view-icon 4112

Baýramçylyk günlerinde Beýik Watançylyk urşunyň weterany Nikolaý Pawlowiç Skotnikowyň öýüne gelýän myhmanlaryň sany artýar. Beýik Ýeňşiň öňisyrasynda Marynyň iň ýaşulylarynyň biri Nikolaý Skotnikow 96 ýaşady. Ony gutlamak üçin ýaş esgerler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri uruş weteranynyň öýüne myhmançylyga geldiler.

Nikolaý Pawlowiç 1944-nji ýylda Watan goragyna çagyrylýar. Gysga wagtlyk taýynlyk okuwyny geçen aragatnaşykçy Skotnikow söweşjeň esgerleriň hataryna goşulýar. Ol urşy Kýonigsbergde tamamlaýar. Göräýmäge onuň söweş ýoly gysga ýaly, ýöne artilleriýa zarbalarynyň astynda geçen her bir güni gahrymançylyklardan doludy...

Şu günler Mary welaýatynyň raýatlary biziň aramyzdan giden uruş weteranlarynyň her biriniň hatyrasyny hormat bilen ýatlaýarlar. Söweşjeň ordenleriň ençemesiniň eýesi tankçy Çerkez Orazmuhammedow Ukrainany azat etmäge gatnaşdy. Berdimyrat Döwletjanow Dnepriň günbatar tarapynda bolan agyr söweşlere gatnaşanlaryň biri. Bu uly suw geçelgesiniň päsgelçiligini böwsüp geçmekde görkezen taýsyz batyrlygy üçin Berdimyrat Döwletjanowa Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent at dakyldy.

Artilleriýaçy Ýakow Borisow Moskwanyň etegindäki söweşlerde edermenlik görkezdi. Urşuň ähli külpetli menzillerini harby gospitallarda geçiren ajaýyp hirurg Margarita Moskowskaýa uruş gutaransoň Mary şäherinde ýaşapdy. Ol ýaşynyň ahyryna çenli Beýik Watançylyk urşunyň maýyplarynyň hassahanasynda öňki esgerleriň ýaralaryny bejerdi we olaryň saglygyny dikeltdi.

Ätiýaçdaky polkownik, Beýik Watançylyk urşunyň weterany Mered Bekow bäş kitap ýazdy. Türkmen ýigitleriniň gaýduwsyzlygynyň beýanatçysy Mered Bekow öz eserlerinde 87-nji aýratyn Türkmen atyjylyk bölüminiň döredilişini we onuň geçen söweş ýollaryny okyjylara ýetirdi. 90-njy ýyllaryň ahyrlarynda Şöhrat Ordeniniň ähli derejelerine mynasyp bolan türkmen esgerleriniň görkezen edermenlikleri hakda kitaby okyjylara ýetirildi.

Mary welaýatyndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň bary-ýogy bäşisi - Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň baýramyny öz maşgalasynyň arasynda garşylaýar. Nikolaý Skotnikow, Gylyçmyrat Jumageldiýew Mary şäherinde, Aşyr Öwezdurdy – Tagtabazar etrabynda, Şamy Abdyýew bolsa – Ýolötende ýaşaýar. Mary etrabynda ýaşaýan uruş weteranlarynyň iň ýaşulysy Aýdogdy Ammadyýewiň şu ýyl 102 ýaşy doldy. Döwlet Baştutanynyň Permany bilen olaryň ählisine gymmatbahaly sowgatlar we pul sylaglary gowşuryldy.

Wladimir FROLOW