Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 2693

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de “Merkezi Aziýa — Hytaý” döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 9 — 12-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde gulluk iş saparynda bolar.