Ï TMK-nyň Uly zalynda Ýeňiş waspy ýetirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TMK-nyň Uly zalynda Ýeňiş waspy ýetirildi

view-icon 2371

8-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň  Uly zalynda kamera ansambly kafedrasynyň guramagynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygyna bagyşlanyp, «Uruş ýyllarynyň aýdymlary» atly aýdym-sazly agşam geçirildi.

Tomaşaçylar Aleksandr Aleksandrow bilen Wasiliý Lebedew-Kimaçyň «Mukaddes jeň» aýdymyny ör turup diňlediler.

Soňra Amangeldi Amanowyň we Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetirmeginde Konstantin Listowyň «Ýerdölede», Ýeži Peterburgskiniň «Mawy ýaglykly» hem-de Matweý Blanteriň «Şäher bagynda orkestr saz çalanda», «Front etegindäki tokaýda», «Katýuşa» aýdymlary ýaňlandy. Bu ýere gelenler  «Katýuşa» aýdymyny messo-soprano sesli Maýa Gullaýewa bilen bilelikde aýtdylar.

Konserti alyp baryjy Maýa Gullaýewa ýurt üçin şol agyr günlerde adamlaryň nusgawy eserlere isleginiň aýratyn artandygyny gürrüň berdi.

Çaýkowskiniň eserlerine has köp isleg bidirilipdir. Şonuň hatyrtasyna Pýotr Çaýkowskiniň eserleriniň üçüsi agşamyň nusgawy sazlary tapgyrynda ýerine ýetirildi. Fleýtaçy Emir Baýramdurdyýew «Sentimental walsy», skripkaçy Aýbölek Muhyýewa «Saz» , pianinoçy Merjen Amanowa «2-nji wenger rapsodiýasy» eserlerini çaldylar.

Skripkaçy Enegyz Ýomudowa Jon Wilýamsyň «Şindleriň sanawy» filmine ýazan sazyny ýerine ýetirdi.

Ýeňiş gününe bagyşlanan konsertiň ahyrynda Amangeldi Amanow Dawid Tuhmanowyň Wladimir Haritonowyň sözlerine döreden «Ýeňiş güni» aýdymyny aýtdy. Aýdym-sazly agşama gatnaşanlaryň ählisi sahna çykyp, beýik Baýramy wasp edýän aýdymy hor bolup aýtdylar.

Halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowa konserte sazandarlyk etdi.

Tamara GLAZUNOWA