Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen, köpsanly adam pi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 1557

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren, olaryň köpüsiniň neresse çagalar bolmagy bilen bagly pajygaly waka zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.