Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 10-njy maýda HHR-iň Sian şäherine iş saparyna ugradyldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.
Wan I myhmanlary mübärekläp, Hytaýyň netijeli hytaý-türkmen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. HHR-iň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatyny we öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň diplomaty türkmen wekiliýetini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we dostlukly ýurduň halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda gyzyklanmalar nygtaldy.
Taraplar indiki ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolýandygyny belläp, taraplar özara hormat goýmak, dostluk we özara gyzyklanmalara esaslanmak ýörelgelerine eýerýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerine syn berdiler. Hytaýyň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji döwletdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly ýurduň arasyndaky türkmen-hytaý gatnaşyklary bu gün ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy.
Gepleşikleriň dowamynda halkara hem-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary, şeýle-de halkara maglumatlary we biologik howpsuzlygy üpjün etmek bilen bir hatarda, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Owganystandaky ýagdaýa hem-de Türkmenistanyň goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine berýän kömegine aýratyn üns berildi.
Ulag, aragatnaşyk, söwda we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly işjeň pikir alşyldy.
Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerine üns berdiler.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.
11-nji maýda hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň başlyklary — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow bilen HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar strategik hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Hytaýyň ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşy bolup durýandygy, Türkmenistanyň iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilnamany hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegi hem-de ýokary derejede ysnyşykly gatnaşyklary goldamagy maksat edinýändigi bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, taraplar häzirki wagtda gaz babatdaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrudygyny nygtadylar. Ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, sanly tehnologiýalar, maliýe-bank ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.
Iki döwletiň hususy we döwlet gurluşlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça ikitaraplaýyn gurallary işjeňleşdirmek arkaly kiçi telekeçilik pudagynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garamak babatda türkmen tarapynyň teklibi beýan edildi.
Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi göz öňünde tutulyp, bu ugurda özara hereketleri giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Taraplar iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de ysnyşykly gatnaşyklar üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň işini işjeňleşdirmek barada bir pikire geldiler.
12-nji maýda HHR-iň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. Onuň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Şu günki geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik ugur boýunça hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamynda hyzmatdaşlygyň giň meselelerine garaldy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I gutlag sözünde ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak üçin hem-de ýurtlaryň arasynda köptaraply hyzmatdaşlygy öňe ilerletmek maksady bilen, “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşdäki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ähmiýetini nygtady.
Ministrler hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleler barada pikir alşyldy.
Pandemiýanyň garşysyna göreşmek hem-de lukmançylyk, saglygy goraýyş we ylym ugurlary boýunça gatnaşyklary güýçlendirmek esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki çylşyrymly döwürde ýurtlaryň bu meseleleri çözmekde raýdaşlyk görkezýändikleri, özara goldaw we ýardam berýändikleri bellenildi.
Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meselelerine hem garadylar, howpsuzlygy, durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün etmek işinde daşary syýasat edaralarynyň işlerini giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda sebitde oňyn ýagdaýlary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyna özüniň strategik hyzmatdaşy hökmünde garaýandygy aýratyn nygtaldy. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerinde Hytaý bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi göz öňünde tutýan döwletara aragatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna daýanýar.
Türkmenistanyň parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna hem-de sebit durnuklylygynyň berkarar bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edilmegine, dostlukly döwletlerimiziň, halklarymyzyň howpsuz we durnukly ösüşi üçin şertleriň üpjün edilmegine gatnaşyklaryň baş ugry hökmünde garaýandygy bellenildi. Syýasy özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýörelgelerine kybap gelýär.
Sebit hem-de halkara derejede, şol sanda ulag-üstaşyr gatnawlarynda energetika, ulag we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän orny beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ulag babatda özara baglanyşyklylyga we söwda gatnaşyklarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny doly açmak arkaly gatnaşyklaryň durnuklylygyny üpjün etmäge mundan beýläk-de ýardam bermegi maksat edinýändigi bellenildi.
Taraplar işjeň gatnaşyklary saklamak hem-de söwda, ulag-aragatnaşyk, lukmançylyk we saglygy goraýyş, ylmy-tehniki, sanly ykdysadyýet ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin yzygiderli duşuşyklary ýola goýmagyň zerurdygy barada bir pikire geldiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi