«Altyn asyr» we «Ahal» AFK-2021 Kubogy ugrunda ýaryşa gatnaşarlar

eye
1327
«Altyn asyr» we «Ahal» AFK-2021 Kubogy ugrunda ýaryşa gatnaşarlar

«Altyn asyr» we «Ahal» türkmen futbol toparlary 14-nji maýdan 20-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde Täjigistanda we Gyrgyzystanda geçiriljek AFK-2021 Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşmaga gitdiler.

Duşanbede geçiriljek «F» toparda Türkmenistanyň ýedi gezek çempiony we Kubogynyň häzirki eýesi Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary çykyş eder. «Е» toparda bolsa ýurduň wise-çempiony «Ahal» çykyş eder, duşuşyklar Bişkekde geçiriler.

«F» toparada «Altyn asyrdan» başga-da, 2011-nji ýylda AFK-nyň Kubogyny eýelän Karşi şäherinden Özbegistanyň wise-çempiony «Nasaf», Täjigistanyň çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Hujant» we Oş şäherinden Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi «Alaý» çykyş ederler. «Е» toparda bolsa «Ahal» Gyrgyzystanyň 12 gezek çempiony Bişkekden «Dordoý» we Täjigistanyň Kubogynyň eýesi Kulýabdan «Rawşan» bilen duşuşar.

Emele gelen epidemiologik ýagdaý zerarly «Е» toparyň duşuşyklarynyň ählisi Dolon Omurzakow adyndaky stadionda tomaşaçysyz geçiriler.

Merkezi zolagyň «Е» we «F» toparlarynyň ýeňijileri 11 we 25-nji awgustda AFK-2021 Kubogy ugrundaky ýaryşyň zonal finalynda duşuşarlar.

Aziýa futbol konfederasiýasynyň saýtynda geçirilýän ses bermelere görä, bu toparlarda Özbegistanyň «Nasaf» we Gyrgyzystanyň «Dordoý» toparlary öňbaraklar hasaplanylýar. «Nasaf» on ýyl mundan ozal şu ýaryşyň finalynda «Kuweýt» klubyndan üstün çykyp gazanan üstünliginden soň ilkinji gezek AFK Kubogy ugrunda çykyş eder. «Dordoý» Aziýa Kubogy ugrunda üçünji derejeli AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynda iki gezek ( 2006 we 2007-nji ýyllarda) ýeňiş gazandy.

Biziň futbol toparlarymyzdan «Altyn asyr» 2018-nji ýylda AFK Kubogy ugrunda ýaryşyň finalyna çenli ýetipdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň türgenleri üç ýyl mundan ozalky üstünligini gaýtalamak üçin tutanýerli oýnamaly bolarlar.

«Ahal» adatça Gyrgyzystanda geçirilen oýunlarda kynçylyga duşmaýardy. Emma bu gezek Türkmenistanyň wise-çempiony Bişkege ýurduň çempionaty başlanmanlygy sebäpli ýetik oýun tejribesiz barýar.

AFK Kubogy ugrundaky ýaryş Aziýnayň klublarynyň arasynda ikinji ähmiýetli ýaryşdyr. Bu sylagyň eýesi 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda belli bolar.

«ZW»-nyň habarçysy