Ï Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçysy Wan I Merkezi Aziýa ýurtlaryny Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy kadalaşdyrmaga kömek bermäge çagyrdy. «Афганистан.Ру» habarlar portalynyň habaryna görä, Wan I «Merkezi Aziýa-Hytaý» görnüşde daşary işler ministrleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryny Owganystanda parahatçylygy berkarar etmekde kömek bermäge çagyrdy

view-icon 2373

Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçysy Wan I Merkezi Aziýa ýurtlaryny Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy kadalaşdyrmaga kömek bermäge çagyrdy. «Афганистан.Ру» habarlar portalynyň habaryna görä, Wan I «Merkezi Aziýa-Hytaý» görnüşde daşary işler ministrleriniň duşuşygynda şeýle çagyryş bilen çykyş etdi. Onuň aýtmagyna görä, OYR-da parahatçylygy ilerletmäge hiç bir gyssagly hereketler päsgel bermez ýaly daşary ýurt goşunlary bu ýurtdan guramaçylykly we jogapkärli çykarylmalydyr.

HHR-yň DIM-niň ýolbaşçysy parahatçylyk ýagdaýy owganlaryň özüiniň ýolbaşçylgynda geçmelidir diýip belläp, Kabul ýurduň geljekki syýasy durmuşyna etniki toparlaryň we partiýalaryň ählisiniň gatnaşmagyny üpjün edýän syýasy guraly kemala getirmelidir diýip nygtady.

Hytaý tarapynyň pikirine görä, Owganystanda dolandyryşyň geljekki gurluşy daşary ýurt nusgalary esasynda däl-de, ýurduň milli aýratynlyklaryna laýyk gelmelidir.

Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmaga kömek bermek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Aşgabat 2020-2022-nji ýyllarda goňşy döwlete kömek bermegiň maksatnamasyny işläp taýýarlady we ony durmuşa geçirýär. Şeýle hem, Owganystanyň ykdysadyýetiniň sebit we dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy maksady bilen Türkmenistan owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri möçberli taslamalaryň birnäçesini amala aşyrýar, olaryň arasynda Türkmenistan--Owganystan--Pakistan—Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bar.

«ZW»-nyň habarçysy