Russiýa daşary ýurtlardan, aýratynam Merkezi Aziýa ýurtlaryndan okadyljak talyplaryň sanyny köpeldýär. Bu mesele Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda geçirilen Russiýa hökümetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň ýazgysy RF-iň prezidentiniň Kremlin.ru resmi internet-wekilhanasynda çap edildi.
Mejlisde Russiýanyň ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow pandemiýa we beýleki ýaramaz ýagdaýlara garamazdan, daşary ýurt dalaşgärleriniň Russiýanyň ýokary bilimine isleginiň ýokarydygyny belledi.
«Elbetde, biz ýurda zehini güýçli kadrlaryň gelmegine gyzyklanýarys, şonuň üçinem daşary ýurtly raýatlaryň kwotasyny artdyrmak barada karara gelindi» - diýip ministr aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, ýakyn goňşylar – adatça Russiýa bilimine juda uly isleg bildirilýän Merkezi Aziýa ýurtlary öňdeligi eýeleýärler.
Falkow şeýle hem dalaşgärleriň arasynda şu ýyl islegli ugurlary agzady. Inženerçilik hünärleri, mugallymçylyk we lukmançylyk ugurlary has meşhur bolar.
«Informatika tehnologiýalary ugurlaryna hem islegiň ýokarlanjakdygyny çaklaýarys. Şunuň bilen baglylykda soňky iki ýylda biz sanly ykdysadyýet üçin býujet ýerleriň sanyny iki essä golaý artdyrdyk» -- diýip ministr belledi.