ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi Türkmenistanda bikanun gazanylan pullary kanunlaşdyrmak babatda töwekgelçiliklere mili baha bermek, terrorçylygy maliýeleşdirmäge we köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmaga garşy durmak (BGPK/TM/KGÝÝ) babatda ikinji hasabaty hem-de Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça hereketleriň meýilnamasy (TDHM) bilen tanyşdyrdy.
14-15-nji maýda wideoaragatnaşygy arkaly geçirilen çäräni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de şu edaranyň Maliýe gözegçiligi gullugy (MGG) guradylar. Oňa döwlet we hökümete degişli bolmadyk düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Hasabaty we onuň Hereketler meýilnamasyny işläp taýaýrlamaga ýardam eden halkara bilermenleri Igoris Kržeçkowskis we Oksana Giska Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça meýilnamany durmuşa geçirmek üçin geljekde görülmeli zerur çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ykdysady-ekologiýa bölüminiň ýolbaşçysy Iwana Markowiç-Boşkowiç häzirki hasabatyň hem ozalky 2017-2018-nji ýyllardaky ýaly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de şu edaranyň Maliýe gözegçiligi gullugy, beýleki döwlet edaralary, şol sanda Içeri işler ministrligi, Merkezi bank, şeýle hem hökümete degişli bolmadyk guramalar we hususy pudak bilen ýakyn hyzmatdaşlykda taýýarlanandygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, Merkez geljekde hem bu ugurda milli ulgamy kämilleşdirmekde Türkmenistanyň hökümetine ýardam bermegi göz öňünde tutýar.