Ï Kiýewdäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy halkara talyplar forumynyň umumy mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kiýewdäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy halkara talyplar forumynyň umumy mejlisine gatnaşdy

view-icon 2443

Kiýewiň Taras Şewçenko adyndaky milli uniwersiteti 14-nji maýda onlaýn görnüşde daşary ýurtly talyplar üçin «Ukraina we dünýä: magaryf-medeni giňişlik» atly III halkara maslahatyny geçirdi.

Ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, parlamentariler, Ukrainanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we daşary ýurtly talyplar Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtly talyplara bilim bermegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.

Kiýewiň Taras Şewçenko adyndaky milli uniwersitetiniň rektory Wladimir Bugrow giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol forumyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi we ukrain tarapynyň daşary ýurtly talyplara bilim bermek meselelerine ýokary derejede üns berýändigini belledi.

Onlaýn-maslahatda Ukrainanyň Bilim we ylym minsitriniň Ýewropa integrasiýasynyň meseleleri boýunça orunbasary Andreý Witrenko, Ýewropa Bileleşiginiň Kiýewdäki Wekilhanasynyň ýolbaşçysy Matti Maasikas, Bilim we ylym minsitrliginiň Ukrain döwlet Halkara bilim merkeziniň direktory Ýelena Şapowalowa, Türkmenistanyň Ukraindaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew, Döwlet dilini goramak boýunça ygtyýarly wekil, 8-nji çagyrylyş Ýokary Radanyň deputaty Taras Kremin we beýlekiler çykyş etdiler.

Ilçi ToýlyAtaýew Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny ösdürmegiň ugurlary we ony sanly hem-de köp dilli binýada geçirmek, şeýle hem bu ugurda öňde baryjy tejribäniň özleşdirilişi we halkara hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi.

Maslahatyň dowamynda bölümleriň bäşisinde mejlisler geçirilip, olarda talyplar, şol sanda Kiýewiň Taras Şewçenko adyndaky milli uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly ýaşlar iňlis, ukrain we rus dillerinde çykyş etdiler.