Ï Türkmenistanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 1589

15-nji maýdа wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ministrler şu ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetleşiginiň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de, söhbetdeşligiň dowamynda ministrler sebit we halkara meseleleriniň käbir garadylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmekde ýokary derejedäki gepleşikleriň işjeň dowam etdirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.