2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyyň 30 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisi şäher häkimligi Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi.
Tbilisi teleýaýlym diňi «Mtasminda» seýilgähiniň çäginde ýerinde ýerleşýär, bu ýerden şäheriň gözel keşbine syn edip bolýar. Ol 1972-nji ýylda guruldy. Teleýaýlym diňiniň beýikligi 274,5, deňiz derejesinden beýikligi - 719,2 metrdir. Teleýaýlym diňi şäheriň ähli ýerinden diýen ýaly görünýär, ol Tbilisiniň esasy nyşanlarynyň biridir.
Bu çäre iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, şeýle hem Türkmen halkyna çuňňur hormatyny ýene bir gezek görkezdi.
Tbilisi teleýaýlym diňi iki günläp Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendiriler.