BMG-nyň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Müdirýeti (BMG BÝKM) Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana gaçybatalga gözleýänleri, bosgunlary we raýatlygy bolmadyklary hem COVID-19 garşy sanjym etmek meýilnamasyna goşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
«Biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň we döwlet edaralarynyň öz ýurdunda ýaşaýan adamlaryň ähisine sanjymyň elýeterliligini üpjün etmäge ygrarlydygyna hem-de öňden görüjiligine ýokary baha berýäris. Diňe her bir adam goragly bolanda biziň ählimiziň howpsuzlygymyz üpjün ediler» - diýip BMG BÝKM-nyň Merkezi Aziýa boýunça Wekili Hans Fridrih Şodder aýtdy.
BMG-nyň bosgunlaryň işi boýunça Agentligi hemmeleri, şol sanda gaçybatalga gözleýänleri, bosgunlary we raýatlygy bolmadyklary hem goramaga kömek etjek sanjym geçirmek meýilnamalaryny işläp taýýarlamakda we ornaşdyrmakda goldaw bermegini dowam edýär.
BMG BÝKM sanjymlaryň adalatly bölünmegi ugrunda ählumumy tagallalary goldamak we «Hiç kimi yzda galdyrma» 2030 Durnukly ösüş maksatnamasynyň ýörelgesine laýyklylykda sanjymlaryň has mätäçlere ýetmegini üpjün etmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri, döwlet edaralary, BMG-nyň hemişelik utgaşdyryjylary, BMG-nyň agentlikleri we beýleki hyzmatdaşlary bilen jebis hyzmatdaşlyk edýär.
Aýjahan ATABALLYÝEWA